Germaniýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyny terk edenden soňra baş tälimçi wezipesinden aýryldy. Bu barada Germaniýanyň futbol bileleşigi (DFB) resmi taýdan habar berdi.
38 ýaşly hünärmen milli ýygyndynyň dünýä çempionatyndaky çykyşlary tamamlanandan soň, özüni bu wezipeden boşatmagy haýyş etdi.
«Ýygyndymyz ýaryşdan gaýdandan soňky günlerde men köp pikir etdim. Ynanylan adamlar bilen hem şahsy taýdan, hem-de federasiýanyň çäklerinde maslahatlaşdym. Bu karara gelmek maňa aňsat düşmedi. Meniň üçin iň esasy zat hemişe toparyň üstünligi bolupdy. Şeýle ajy gynançdan soň, olar täzeden başlamak mümkinçiligine mynasypdylar. Men tälimçiler düzümime, goldaw toparyma we federasiýadaky bizi goldan hemmelere, esasanam işleşmek miýesser eden oýunçylaryma sagbolsun aýtmak isleýärin. Janköýerlerimize hem aýratyn sagbolsun aýdýaryn. Siz bizi goldadyňyz, ynandyňyz we kyn günlerde hem bize güýç berdiňiz. Sizi gynandyranymyz we bu dünýä çempionatynda size ýatdan çykmajak futbol agşamlaryny sowgat edip bilmändigimiz üçin örän gynanýaryn. Siz has köp zada mynasypdyňyz» — diýip, Nagelsman aýtdy.
Ol Germaniýanyň milli ýygyndysyna 2023-nji ýylyň sentýabryndan bäri ýolbaşçylyk edip geldi. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Ekwadora garşy geçirilen oýundaky utulyşa (1:2) garamazdan, topar E toparynda birinji orny eýeledi, ýöne 1/16 finalda Paragwaýa garşy geçirilen oýunda (1:1, penaltiler seriýasynda – 3:4) ýeňildi.
DFB-niň beýanatynda federasiýanyň ýolbaşçylarynyň «Liwerpul» toparynyň öňki baş tälimçisi Ýurgen Klopp bilen gepleşikleri alyp barýandygy hem bellenilýär. 59 ýaşly hünärmen milli ýygynda ýolbaşçylyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.