BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş emeli aňy düzgünleşdirmegiň halkara kadalaryny dessin ýagdaýda döretmek talaby bilen dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendi. Bu beýanat Nýu-Ýorkda, BMG-niň howandarlygynda işleýän Emeli aň boýunça garaşsyz halkara ylmy toparyň ilkinji hasabatynyň tanyşdyrylyşynda ýaňlandy.
«Biz indi “bilmeýärdik” diýip bilmeris. Bu bilimler bilen näme etjekdigimiz indi hemmämize baglydyr» – diýip, Guterriş nygtady.
Guramanyň ýolbaşçysy ylmy toparyň düzümine bütin dünýäden 40 sany abraýly alymyň girýändigini belledi. Bu garaşsyz edara hakykaty galplykdan tapawutlandyrmak we tehnologiýalaryň täsirine obýektiw baha bermek üçin döredildi. Hasabat eýýäm BMG-ä agza ýurtlaryň hökümetlerine gowşuryldy.
Guterriş emeli aňyň dogry ugurda ösdürilen ýagdaýynda lukmançylykda, bilimde we ekologiýada güýçli gural bolup biljekdigini belledi. Ýöne bir umumy düzgünleriň ýoklugy jemgyýeti bu tehnologiýa gözegçilik etmek mümkinçiliginden mahrum edýär.
«Şol sebäpli meniň hökümetlere çagyryşym örän ýönekeý: garaşyp durmaň» – diýip, Baş sekretar ýüzlendi.
Indiki tapgyr 6–7-nji iýulda Ženewada geçirilmegi meýilleşdirilýän Emeli aňy dolandyrmak meseleleri boýunça global dialog bolar. Bu ýerde ylmy netijeleri halkara syýasy çözgütleriň derejesine geçirmek göz öňünde tutulýar.
Alymlaryň netijeleri we gizlin howplar
Hasabatda emeli aňyň howpsuzlyga, ykdysadyýete, adam hukuklaryna, medeniýete, ekologiýa we çagalaryň goragyna ýetirýän täsiri seljerilýär. Ylmy toparyň başlygy Ýoşua Benjio emeli aň ulgamlarynyň mümkinçilikleriniň alymlaryň olaryň iş mehanizmlerine düşünişinden we döwletleriň täze kynçylyklara jogap bermek ukybyndan hem has çalt ösýändigini duýdurdy.
«Emeli aň ulgamlarynyň aldap bilýändigine barha köp subutnamalar ýüze çykýar. Häzirkizaman ylmy olaryň mümkinçilikleri artdygyça, olaryň ulanylmagynyň — öz-özünden ýa-da ýaman niýet bilen peýdalanmagyň netijesinde — betbagtçylykly ýagdaýlara getirmejekdigini entek kepillendirip bilmeýär» – diýip, Benjio mälim etdi.
Toparyň ýene bir başlygy, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Mariýa Ressa häzirki wagtda emeli aňy ösdürýän täjirçilik güýçleriniň bütin adamzat üçin bähbidi kepillendirip bilmejekdigini, howpsuzlyk üçin töwekgelçilikleriň bolsa aşa ýokarydygyny belledi.
BMG-niň Baş sekretarynyň sanly tehnologiýalar boýunça ýörite wekili Amandip Singh Gill emeli aňyň deňsizlige garşy awtomatik usulda göreşmeýändigine ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda tehnologik peýdany diňe taýýar institutlary we kadrlary bolan ösen jemgyýetler alýar. Tersine bolan ýagdaýynda, emeli aň köpçülikleýin iş orunlarynyň ýitmegine sebäp bolup, yzagalak sebitleriň garaşlylygyny artdyryp we durmuşy gatlaklara bölünmegi has-da ýitileşdirip biler.