Antwerpeniň bütindünýä almaz merkezi (AWDC) ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp üçin ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlap, «Freedom 250» atly altyn ýüzügi taýýarlady. Iki sany garaşsyz zergäriň bahalandyrmagyna görä, bu bezeg önüminiň gymmaty 25 müňden 35 müň dollara barabar diýip, «Associated Press» neşiri habar berýär.
Ýüzük antwerpenli zergär Dawid Gotlib tarapyndan 18 karatlyk altyndan ýasaldy. Ol 321 sany göwher, 56 sany ýakut, 13 sany zümerret we alty sany lagyl daşy bilen bezelipdir. Gymmat bahaly daşlardan galkanly we zeýtun şahaly bürgüdiň şekili, «250» sany hem-de «ABŞ-a 250 ýyl» diýen ýazgy ýerleşdirilipdir.

Ýüzügiň içki tarapynda bolsa «Donald Jon Tramp üçin Antwerpende ýasaldy» diýen sözler oýulyp ýazylypdyr.
AWDC bu sowgady ABŞ-nyň Belgiýadaky ilçisi Bill Waýta berdi, ol bolsa ony amerikan Prezidentine gowşurar. «Associated Press-iň» maglumatyna görä, Tramp ýüzügi entek almady, ýöne wideoýüzlenme arkaly Antwerpeniň wekillerine bu sowgat üçin minnetdarlyk bildirdi.

AWDC-niň ýolbaşçysy Isidor Mýorsel bu ýüzügiň taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň nyşanydygyny mälim etdi.
Çeşmäniň bellemegine görä, bu sowgat Trampyň administrasiýasy tarapyndan 2025-nji ýylda Antwerpenden almaz importyna girizilen ýokary gümrük pajynyň ýatyrylmagy bilen hem baglanyşyklydyr. Geçirilen gepleşiklerden soň, Belgiýanyň ýylda 2 milliard dollardan gowrak bahaly almaz üpjünçiligi bu çäklendirmelerden boşadylypdy.