Türkmenistanyň birbada üç ÝOM-y THE Sustainability Impact Ratings 2026 global reýtingine girdi

Şu gün, 02:571,916

Beýik Britaniýanyň Times Higher Education (THE) agentligi THE Sustainability Impact Ratings 2026 dünýä reýtinginiň netijelerini mälim etdi. Bu abraýly sanawa ilkinji gezek Türkmenistanyň birbada üç ýokary okuw mekdebi girdi.

Sanawy düzüjiler tarapyndan reýtinge Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini girizildi.

Belläp geçsek, 2026-njy ýylda bu reýting ilkinji gezek «THE Sustainability Impact Ratings» diýen täze at bilen çykdy. Öň ol «THE Impact Rankings» ady bilen neşir edilýärdi we 2019-njy ýyldan bäri uniwersitetleriň durnukly ösüş ulgamyndaky işine baha berýän iň abraýly halkara reýtingleriniň biri hasaplanýar.

Şu ýyl sanawa 116 ýurtdan 1646 sany ýokary okuw mekdebi girdi. Jemleýji sanawda orun almak üçin okuw edaralary BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň (SDG) azyndan dördüsi boýunça öz görkezijilerini hödürlemelidi. Şunda SDG 17 bolan «Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk» hökmany görkeziji hasaplanýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň dokuz ugry boýunça, şol sanda «Hilli bilim», «Elýeterli we arassa energiýa», şeýle-de «Senagat, innowasiýalar we infrastruktura» ýaly ugurlarda üstünlik görkezip, öz orunlaryny has-da gowulandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.