DÇ-2026: Holand braziliýalylary öýüne ugratdy, Angliýa azlykda galsa-da Meksikany ýeňdi

Şu gün, 08:324,365
1 / 10

Dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyry garaşylmadyk netijeleri taýynlap, janköýerlere örän dartgynly duşuşyklary sowgat etmegini dowam edýär. Nobatdaky oýun güni Norwegiýanyň ýygyndysynyň taryhy üstünligi, ýeňşe esasy dalaşgärleriň biriniň ýeňilmegi, şeýle hem Mehikoda gollara we eminleriň çykaran çözgütleri sebäpli hakyky drama öwrülen oýun bilen ýatda galdy.

Braziliýa – Norwegiýa 1:2.

Holand norweg «wikinglerine» taryhy üstünlik getirdi, pentakampeonlar öýüne gaýdýar

Norwegiýanyň ýygyndysy 1/8 final tapgyrynyň iň uly galmagalyny döredip, bäş gezek dünýä çempiony bolan Braziliýany 2:1 (öz peýdalaryna 1:2) hasabynda utmagy başardy. Duşuşyk Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherindäki «MetLife» stadionynda geçirildi.

Oýnuň başy skandinawlar üçin gowgaly başlady. Emin VAR ulgamyna seredenden soň, Aýeriň Mateus Kunýa garşy eden gödek hereketi üçin Norwegiýanyň derwezesine penalti belledi. Emma Bruno Gimaraýns derwezebany aldap bilmedi: Erýan Nýuland topuň ugruny anyk tapyp, aşaky sag burça urlan zarbany yza gaýtardy.

Ikinji ýarymda Karlo Ançelottiniň şägirtleri basyşy has-da güýçlendirdiler. Ätiýaçlykdan oýna giren Endrik Winisiusyň pasyndan soň derwezeban bilen ýekme-ýeke çykyp, topy sütüniň gapdalyndan geçirdi we örän amatly mümkinçiligi elden berdi. Neýmaryň meýdança girmegi hem ýagdaýy üýtgedip bilmedi.

Norwegiýalylar bolsa öz pursatlaryndan aňrybaşy peýdalandylar: 80-nji minutda Andreas Şelderup topy jerime meýdançasyna aşyrdy, ol ýerde bolsa Erling Holand howadaky göreşde Gabrielden üstün çykyp, kellesi bilen topy aşaky burça takyk gönükdirdi.

Oýnuň ahyrynda Braziliýa hasaby deňlemek üçin ähli güýjüni jemläp öne okduryldy, ýöne garşylykly hüjümdäki goranyşda uly säwlik goýberdi. Holand Şelderupdan jerime meýdançasynyň burçunda topy kabul edip, ýerläp uzak burçy nyşana aldy we dubluny resmileşdirdi. Bu gol hüjümçi üçin ýaryşdaky 7-nji gol boldy we ol bombardirleriň bäsleşiginde öňde barýan Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly liderleriň yzyndan ýetdi.

Eýýäm goşmaça wagtda, VAR-yň nobatdaky gatyşmagyndan soň, emin Leo Ostigardyň jerime meýdançasynda düzgün bozandygyny hasaba aldy we Norwegiýanyň derwezesine ikinji penaltini belledi. Neýmar ony ynamly durmuşa geçirdi, ýöne braziliýalylaryň hasaby deňlemäge indi wagty galmandy.

Norwegiýanyň ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek Dünýä çempionatynyň çärýek finalyna (1/4) çykmagy başardy. Braziliýanyň ýygyndysy bolsa, öz gezeginde, 1990-njy ýyldan bäri ilkinji gezek bu tapgyra ýetip bilmedi.

Angliýa – Meksika 3:2

«Üç arslan» azlykda galybam, ýer eýeleriniň basyşyna döz geldi

 

Angliýanyň ýygyndysy drama baý bolan bäsleşikde Meksikanyň toparyny 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşyk Mehikodaky «Açteka» stadionynda geçirilip, tomaşaçylary iň soňky sekuntlara çenli aldym-berdimli ýagdaýda saklady.

Tomas Tuheliň şägirtleri birinji ýarymyň ahyryny örän güýçli geçirip, iki minudyň içinde iki gol urdulyar. 36-njy minutda Bukayo Saka topy jerime meýdançasyna aşyrdy, ony bolsa Jud Bellingem kellesi bilen takyk zarba urup gol bilen tamamlady. 38-nji minutda iňlisler meýdançanyň merkezinde topy basyp alyp, çalt hüjüme geçdiler, Harri Keýn jerime meýdançasyna girip, topy merkeze gönükdirdi, Jud bolsa goragçydan öňe saýlanyp, topy ýekeje depgi bilen derwezä ýollady we dubluny hasaba aldy.

Meksikalylar arakesmä çenli entek wagt barka oýna gaýtadan dartgynlylyk aralaşdyryp başardylar: 42-nji minutda Hulian Kinýones yza gaýdan topa birinji ýetişip, ony edil derwezäniň ýokarky sütüniniň aşagyna güýçli urdy — 2:1!

Ikinji ýarym iňlisler üçin azaply başlady. 53-nji minutda baş emin Alireza Fagani VAR-yň duýduryşyndan soň, goragçy Jarell Kuansa gönümel gyzyl kart görkezip, Angliýany meýdançada azlykda galdyrdy. Şeýle-de bolsa, eýýäm 60-njy minutda iňlisler derwezeban Raul Ranheliň düzgün bozmagy sebäpli penalti gazanmagy başardylar. Toparyň kapitany Harri Keýn 11 metrlik jerime urgusyny kemsiz ýerine ýetirip, aradaky tapawudy ýene-de iki topa çykardy.

Meýdançada sany boýunça artykmaçlyk gazanan meksikalylar garşydaşyň derwezesini doly gabadylar we hüjüme geçdiler. 69-njy minutda VAR-yň nobatdaky wideogaýtalamasyndan soň, indi Angliýanyň derwezesine penalti bellendi. Raul Himenesiň edeni ugruna boldy – 2:3!

Oýnuň galan wagtynda, şol sanda goşulan 11 minudyň dowamynda-da, meksikalylar garşydaşyny öz meýdançasyndan çykarman diýen ýaly sakladylar. Emma Jordan Pikfordyň ynamly oýny we iňlis goranyşynyň janypkeşligi futboluň nesilbaşylaryna ýeňişli hasaby saklap galmaga mümkinçilik berdi.

Şunlukda Angliýa çärýek finala (1/4) tarap gadam basýar, ol ýerde bolsa hatarly toparlaryň biri bolan Norwegiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun 12-nji iýulda sagat 02:00-da geçiriler.

1/8 finalyň iň golaýdaky oýunlarynyň tertibi:

  • Portugaliýa – Ispaniýa: 7-nji iýulda sagat 00:00-da;
  • ABŞ – Belgiýa: 7-nji iýulda sagat 05:00-da.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.