Ronaldu häzirki dünýä çempionatynyň karýerasynda iň soňky boljakdygyny tassyklady

Şu gün, 13:312,194

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öz karýerasynda iň soňky dünýä birinjiligi boljakdygyny mälim etdi.

«Iň soňky dünýä çempionaty… Ahyrynda diňe adamlar galýar. Bizi gowy görýän adamlar, biziň aýratyn pursatlary sowgat edip biljek adamlarymyz. Men biziň ýanymyzda zähmet çekýän adamlary görýärin. Bular ajaýyp ýatlamalar.

Diňe her bir pursatdan lezzet almak gerek. Hawa, bu meniň iň soňky dünýä çempionatym bolar. Mundan lezzet almaly» – diýip, «AS» neşiri Ronaldunyň sözlerini getirýär.

Futbolçynyň aýtmagyna görä, Ispaniýa bilen geçiriljek duşuşygyň netijesi nähili hem bolsa, ol arassa wyždan bilen gider: «Bu 1000%. Men futbola bolan söýgim üçin oýnaýaryn. Näme bolsa-da, men bagtly bolaryn. Men özüme basyş edip, karýeramyň ahyryna gelip, hökmany suratda ýeňmeli diýip pikir edip biljek däl».

Bu çempionat Ronaldu üçin karýerasyndaky altynjy dünýä çempionatydyr. Futbolçy Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewro-2016-nyň, şeýle hem UEFA-nyň Milletler ligasynyň (2019, 2025) çempiony bolmagy başardy. Onuň milli ýygyndy bilen dünýä çempionatynda gazanan iň ýokary netijesi bolsa 2006-njy ýyldaky dördünji orundyr.

Ronaldu dünýä çempionatynyň özi üçin iň soňky boljakdygy barada 1/8 final oýnunyň öňüsyrasynda aýtdy. Onda portugaliýalylar Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 6-njy iýulda Aşgabat wagty bilen ýarygije bolar.

Belläp geçsek, 1/8 finalyň duşuşyklary 7-nji iýulda tamamlanar. Çärýek finallar 9–11-nji iýula, ýarym finallar bolsa 14–15-nji iýula meýilleşdirildi. Üçünji orun ugrundaky oýun 18-nji iýulda Maýamide, final duşuşygy bolsa 19-njy iýulda Nýu-Ýorkda bolar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.