Ýewropanyň birnäçe ýurdunda yssy howa sebäpli tokaý ýangynlary möwjeýär

Düýn, 15:304,952
1 / 8

Ýewropanyň Fransiýa, Gresiýa, Ispaniýa we Portugaliýa ýaly birnäçe döwletini tokaý ýangynlary gurşap aldy. Wakanyň bolan ýerlerinde ýüzlerçe ýangyn söndüriji we ýörite tehnikalar zähmet çekýär. Ýangynlar eýýäm müňlerçe gektar ösümlik dünýäsini we ýaşyl meýdanlary weýran etdi. 

Fransiýanyň günortasy: ejir çekenler bar, ewakuasiýa yglan edildi

Fransiýanyň Gündogar Pireneýler departamentindäki ýangyn 4-nji iýulda agşamara Perpinýan şäheriniň golaýyndaky barmasy kyn bolan ýerlerde ýüze çykaryldy. Ot bilen göreşe 700 töweregi ýangyn söndüriji, 200 sany tehnika we 10-a golaý uçar hem-de dikuçar çekildi diýip, AFP agentligi habar berýär. Ýangynyň netijesinde iki adam — bir ýangyn söndüriji we bir ýerli ýaşaýjy agyr şikes aldy.

Gündogar Pireneýleriň häkimiýetleri 5 müň ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini habar berdi. Fransiýanyň ýene 41 sany departamentinde ýokary ýangyn töwekgelçiligi saklanyp galýar, olaryň ýedisinde bolsa iň ýokary howp derejesi yglan edildi.

Gresiýadaky uly ýangyn

Gresiýanyň Saloniki şäheriniň golaýyndaky galyndylary gaýtadan işleýän zawodda ýangyn döredi. Goýy gara tüsse tiz wagtda şäheriň merkezine çenli ýetdi. Häkimiýetler zäherli buglar bilen zäherlenmek howpunyň bardygy sebäpli ýaşaýjylardan penjirelerini ýapmaga we daşary çykmazlyga çagyrdy. Mundan başga-da, üç sany ýaşaýyş nokadynyň ilaty we aýratyn gözegçilige mätäç bolan 157 adam ýaşaýan edara hem ewakuasiýa edildi.

Oreokastron şäheriniň häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bilmezlikden otlamakda güman edilýän 76 ýaşly erkek adam tussag edildi.

Пожарный борится с огнем рядом с греческим городом Салоники

Ýene-de bir uly tokaý ýangyny Afinanyň günbatarynda hasaba alyndy. Ot bilen 210 ýangyn söndüriji we meýletinçiler göreşýär, şeýle hem ýöriteleşdirilen awiasiýa tehnikasy ulanylýar.

Пожарный самолет в португальском муниципалитете Возела

Ispaniýadaky we Portugaliýadaky ýangynlar

Ispaniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Žirona welaýatynda 3-nji iýuldan bäri tokaý ýangyny dowam edýär. «EFE» agentliginiň habar bermegine görä, ot eýýäm 2200 gektara golaý meýdany gurşap aldy.

АРХИВ (18.09.2024). Пожарные тушат пожар в эвкалиптовом лесу на окраине Севера-ду-Воуга, населённого пункта на севере Португалии.

Portugaliýanyň Wozela munisipalitetinde bolsa 1200 ýangyn söndüriji, 400 sany tehnika we 15 sany uçar 2-nji iýulda dörän ýangyny söndürmäge synanyşdy. Ot eýýäm 12 000 gektar meýdana zeper ýetirdi. 3-nji iýulda Ispaniýa Portugaliýa kömek hökmünde 120 ýangyn söndürijini we 45 sany tehnikany iberdi. Portugaliýanyň KHBS-iniň habar bermegine görä, 5-nji iýula çenli ýangynyň esasy ojaklary çäklendirilen hem bolsa, käbir ýerlerde ot heniz hem saklanyp galýar.

Ýewropanyň birnäçe ýurdundaky bu uly ýangynlar iýun we iýul aýlarynyň aşa gyzgyn howasy sebäpli başlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.