OpenAI-yň täze EA modelleri gözegçilikli dolandyryşdan çykyp, haker hüjümini amala aşyrdy

Düýn, 11:351,804

OpenAI kompaniýasy içerki synag wagtynda özüniň iki sany emeli aň modeliniň synag infrastrukturasyndaky gowşaklyklary tapandygyny, internete elýeterli bolup, EA modellerini synagdan geçirmek üçin ulanylýan Hugging Face platformasyna awtonom hüjümi amala aşyrandygyny habar berdi.

Hugging Face kompaniýasy hem 16-njy iýulda EA agentleriniň içerki maglumatlaryň çäkli göwrümine we platformanyň hyzmatlary bilen baglanyşykly birnäçe akkauntlara rugsatsyz elýeterlilik alandygyny habar beripdi. Kompaniýa bu hüjümiň özüniň EA gurallary arkaly saklanandygyny tassyklady we ilkinji gezek şeýle hüjümiň dolulygyna EA agentine esaslanýan awtonom ulgam tarapyndan amala aşyrylandygyny belledi.

Bir hepde geçenden soň, OpenAI bu wakanyň aňyrsynda GPT-5.6 Sol modeliniň we entek köpçülige hödürlenmedik, has kuwwatly başga bir modeliň durandygyny mälim etdi. Iki model hem internete göni çykyşy bolmadyk çäklendirilen gurşawda synagdan geçirilýärdi, ýöne olar birnäçe gowşaklyklary tapmagy, internet toruna çykyp, işläp düzüjiler tarapyndan öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek üçin maglumat gözlemäge başlamagy başardy.

OpenAI-yň maglumatlaryna görä, modeller zerur bolan maglumatlaryň Hugging Face platformasynda bolup biljekdigini çaklap, maglumatlara girmek üçin birnäçe usullary, şol sanda ogurlanan akkauntlary ulandy.

Wakadan soň OpenAI synag infrastrukturasynyň goragyny güýçlendirendigini, elýeterliligi çäklendirendigini we modelleriň geljekki synaglary üçin goşmaça howpsuzlyk çärelerini girizendigini mälim etdi. Kompaniýa bolup geçen wakany öň görlüp-eşidilmedik diýip atlandyrdy.

Kembrij uniwersitetiniň maşyn bilimi boýunça professory Nil Lorens «Bi-bi-si» bilen söhbetdeşlikde agentiň şeýle netijesiniň haýran galdyryjydygyny, ýöne kuwwatly EA modelleriniň iň soňky nesliniň häzirki wagtda belli bolan mümkinçilikleriniň çägine doly gabat gelýändigini belledi.

Şeýle-de, ol munuň marketing çemeleşmesi bolmagynyň mümkindigini hem çaklady. OpenAI ýakynda birža çykmagy meýilleşdirýär we täze Claude Mythos EA modeli bilen özüni tanadan Anthropic kompaniýasy bilen ýiti bäsdeşlik alyp barýar.

«OpenAI häzirki wagtda yza galanlaryň ornunda bolup, öz ulgamlarynyň kiberhowpsuzlyk babatdaky mümkinçiliklerini görkezmäge synanyşýar, ýöne bu waka OpenAI-yň öz tehnologiýasyny howpsuz dolandyrmaga ukyply däldigini görkezýär» – diýip, professor Lorens hasaplaýar.

Şeýle bahany ESET kompaniýasynyň kiberhowpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Mur hem berdi.

«OpenAI soňky wagtlarda bazarda Anthropic-iň özüne döreden marketing imijiniň yzyndan kowalaşmaýarmyka diýen sorag ýüze çykýar» – diýip, Mur belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.