Toyota ABŞ bazarynda üçin 2027-nji model ýylynyň Crown sedanyny hödürledi. Awtoulagyň dizaýny hem bahalary üýtgedi, doly ýöredijilik ulgamy indi ähli komplektasiýalarda elýeter edildi. Şol bir wagtyň özünde maşynyň tehniki tarapy, umuman, üýtgewsiz galdy.
Crown-yň «XLE», «Limited» we «Nightshade» wersiýalary öňküsi ýaly 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisi we iki sany elektrik motory bolan bäşinji nesil gibrid ulgamy bilen üpjün edilýär. Täzelenmeden soň ulgamyň häsiýetnamalary kompaniýa tarapyndan heniz aýan edilmändi.
Iň ýokary «Platinum» komplektasiýasy 340 at güýji bolan 2,4 litrlik turbinaly hereketlendirijini we 542 N·m aýlanma pursaty bolan «Hybrid MAX» güýç gurluşyny saklap galdy.
Dört tigiri hem herekete getirýän ulgam indi ähli wersiýalaryň standartyna öwrüldi. «Platinum» komplektasiýasynda dartyşy işjeň paýlanýan hemişelik dört tigir ýöredijisi ulanylýar, galan modifikasiýalarda bolsa yzky elektromotor diňe zerur bolan ýagdaýda birikdirilýär. «XLE», «Limited» we «Nightshade» wersiýalarynda şeýle hem ilkinji gezek tizlik üýtgediji rulasty çarhlar peýda boldy.
Toyota yzky bamperiň dizaýnyny üýtgetdi, «Platinum» wersiýasynda bolsa gyzyl tormoz supportlary we gara penjire çarçuwalary oturdyldy.
Şol bir wagtyň özünde modelleriň bahasam gymmatlady. Crown XLE indi 41 640 dollardan, Nightshade — 48 965 dollardan, Platinum — 55 190 dollardan satylýar (üçüsi hem 200 dollar gymmatlady), Limited wersiýasy bolsa indi 49 720 dollardan arzan tapdyrmaýar (öňküsinden 3770 dollar gymmat).