Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu «Ilkinji gün» (День первый) diýlip atlandyrylan täze drama serialyny döretmäge gatnaşar. «The Sun» neşiriniň habar bermegine görä, ol proýekte diňe ýerine ýetiriji prodýuser hökmünde gatnaşman, eýsem, özi-de ekranda peýda bolar.
Serial Stenli Dalton atly toslanan futbol agenti barada gürrüň berer. Baş gahrymanyň prototipi hökmünde Týerri Anri bilen işleşen hakyky sport agenti Darren Deýn alyndy, ol hem filmiň ýerine ýetiriji prodýuserleriniň hataryna girdi. Serialda Anriniň, başga-da belli futbolçylaryň kiçeňräk rollarda peýda bolmagyna garaşylýar.

Serialda baş roly «Milliardlar» (Миллиарды), «Watan» (Родина) we «Ýaragdaş doganlar» (Братья по оружию) ýaly seriallar bilen tanalýan Demien Lýuis ýerine ýetirer.
«Bu meniň üçin täze, örän gyzykly sahypa, sebäbi işimde özüme nätanyş täze ugur açylýar» – diýip, Ronaldu seriala gatnaşygy barada pikirini paýlaşdy.
Režissýor wezipesine Mettýu Won bellenildi. Serialy Won bilen Kriştianoň bilelikde esaslandyran UR•Marv Studios kompaniýasy çykarýar. Surata düşürmek işleri eýýäm başlandy.