MLS-iň «Filadelfiýa Ýunion» klubunyň 16 ýaşly hüjümçi ýarymgoragçysy Kawan Salliwan dolulygyna 3D-çap arkaly taýýarlanan butsylarda resmi oýna çykan dünýäde ilkinji futbolçy boldy. Bu barada «The Athletic» neşiri ýazýar.
Bu üýtgeşik butsy «Filadelfiýanyň» 3:1 hasabynda gazanan ýeňşi bilen tamamlanan «Nýu-Ýork Red Bulls» toparyna garşy duşuşykda ilkinji gezek ulanyldy.
Salliwan meýdançada 85 minut oýnady. «Opta-nyň» maglumatlaryna görä, ol alty sany üstünlikli aldawly hereketi (oýundaky başga islendik oýunçydan köp) ýerine ýetirdi, bir gol pursatyny döretdi we 12 başa-baş göreşiň 9-ysynda ýeňiji bolup çykdy.

Bu butsyny Adidas topary «Radical Athlete Perception» (Project R.A.P.) taslamasynyň çäginde işläp taýýarlady. Ony döretmekde ýelim ulanmazdan tikinsiz torly konstruksiýany emele getirmäge mümkinçilik berýän patentlenen 3D-çap tehnologiýasy ulanyldy. Aýakgap futbolçynyň aýagynyň ölçeglerine laýyklykda ýörite taýýarlandy.
Salliwanyň haýyşy boýunça, onuň maşgala gelip çykyşynyň hatyrasyna butsa Germaniýanyň, ABŞ-nyň we Bangladeşiň baýdaklary ýerleşdirildi. Onuň ejesiniň kökleri Bangladeşden we Germaniýadan, kakasy bolsa amerikandyr.
Modeli işläp düzmäge futbolçylar Hwiça Kwarasheliýa we Ademola Lukman hem gatnaşdy, olar hem täze butsylary öňümizdäki möwsümde ulanmagy meýilleşdirýär.

Adidas-yň döredijilik müdiri Alasder Willis Salliwanyň öz zehini we oýun stili sebäpli butsynyň ilkinji debýuty üçin saýlanandygyny aýtdy:
«Adidas-daky innowasiýalar — bu türgen üçin iň gowusyny döretmek. Kawan bu innowasiýanyň mümkinçiligini görkezmek üçin tüýs laýyk gelýän türgendir».
Salliwan ABŞ-nyň geljegi uly ýaş oýunçylarynyň biri hasap edilýär. 2024-nji ýylda ol 14 ýyl 293 gün ýaşynda meýdança çykyp, Demirgazyk Amerika hünärmenler ligalarynyň taryhynda iň ýaş debýutant boldy. Ol 18 ýaşyna ýetenden soň, ozal gol çekilen şertnama laýyklykda «Mançester Siti» klubuna goşular.