Güýçli silden ýaňa Russiýanyň Týumen şäherini suw aldy

28.07.2026, 23:0813,040
1 / 3

Russiýanyň Týumen şäherinde we Týumen etrabynda sil sebäpli adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi. Üznüksiz ýagan ýagynlardan soň Tura derýasy hanasyndan aşyp, şäheriň we welaýatyň birnäçe etraplaryny suw astynda galdyrdy diýip, RBK habar berýär.

Týumen welaýatynyň gubernatory Aleksandr Mooruň aýtmagyna görä, suw joşgunyna çakdanaşa ýagan ýagynlar sebäp boldy. Diňe iýun aýynda sebitde iki ýarym aýlyk kadadan artyk ýagyn ýagdy. 28-nji iýulda bolsa, Tura derýasynda suwuň derejesi iň howply çäk bolan 850 santimetrden geçip, 877 santimetre ýetdi.

Sil sebäpli Týumeniň ýaşaýjylary krandan akýan suwuň hiliniň hem ýaramazlaşandygyny we ondan ýakymsyz ysyň gelýändigini habar berip ugradylar. Şol sebäpli Rospotrebnadzor týumenlilere diňe çüýşelere gaplanan arassa suwy ulanmagy maslahat berdi.

Sebit häkimiýetleri siliň iň ýokary derejesi 28-nji we 31-nji iýul aralygynda bolar diýip çaklaýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.