Şu gün, 29-njy iýulda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ilkinji giriş synaglary geçirildi. Bu möwsüme Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen badalga berildi we 20-nji awgusta çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026–2027-nji okuw ýyly üçin ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi. Döwlet Baştutany synaglary guramaçylykly, adalatly geçirmegi we jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagy tabşyrdy.
Şu ýyl ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak talyp kabul ediler, bu bolsa geçen ýyldakydan 1 müň 239 orun köpdür. Mundan başga-da, milli ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda 20 sany täze hünär ugry girizildi — olaryň 10-usy hünärmen, 4-üsi bakalawr hem-de 6-sy magistr maksatnamalaryna degişlidir.
Dalaşgärleriň resminamalary 13–26-njy iýul aralygynda kabul edildi. Orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasyna bolsa resminamalary kabul etmek 17-nji awgusta çenli alnyp barlar.