PSŽ-niň prezidenti Al-Khelaifini FIFA-nyň başlygy wezipesine dalaşgär görkezmek isleýärler

30.07.2026, 23:078,207

Ýewropa futbol federasiýalarynyň birnäçesi Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) öňümizdäki saýlawlarynda «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) klubunyň prezidenti Nasser Al-Khelaifini goldamaga taýýar. Bu barada Politico neşiri habar berýär.

FIFA-nyň häzirki başlygy Janni Infantinonyň şowuna düşmedik dawa-jenjelli taslamasy sebäpli ony çalşyp boljak başga bir ýolbaşçy gözlemek işi tizleşdi. Ol biraz wagt mundan öň FIFA-nyň esasy erkekler we zenanlar ýaryşlaryny — Dünýä çempionatyny, klublaryň Dünýä çempionatyny dolandyrjak «FIFA Forward Enterprise» (FFE) täjirçilik guramasyny döretmegi meýilleşdirýändigini yglan edipdi. Bu taslama paýnamalaryň 20 göterim töweregini hususy maýadarlara satmagy göz öňünde tutýar. Bu ädime Ýewropa Futbol Assosiýasynyň Bileleşigi (UEFA), Demirgazyk, Orta Amerika we Karib deňziniň zolagy futbol konfederasiýasy (KONKAKAF) we Aziýa Futbol Konfederasiýasy (AFK) garaşylmadyk derejede berk garşy çykdylar.

FIFA-nyň prezidentiniň saýlawlary 2027-nji ýylyň mart aýynda Marokkoda geçirilmelidir. Mundan öň, maý aýynda Infantino üçünji möhlete öz dalaşgärligini hödürlemek niýetiniň bardygyny beýan edipdi.

Politico-nyň maglumatlaryna görä, Ýewropaly resmiler Infantino bäsdeş saýlamak baradaky maslahatlary hatda 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda hem geçiripdirler we olaryň pikiriçe, Nasser Al-Khelaifini «iň mynasyp dalaşgär» diýip hasaplanylýar.

Şol bir wagtyň özünde, katarly işewüriň resmi wekili bu habary inkär edip, onuň «FIFA-da haýsydyr bir wezipä geçmäge hiç hili höwesiniňem, niýetiniňem hatda gyzyklanmasynyňam ýokdugyny» mälim etdi.

Nasser Al-Khelaifi 2011-nji ýyldan bäri PSŽ-niň prezidenti wezipesini eýeleýär, şeýle hem kluba eýeçilik edýän Qatar Sports Investments kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga-da, ol 2021-nji ýyldan bäri Ýewropa Klublary Assosiýasyna hem başlyklyk edýär

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.