RM Sotheby's auksion öýi boks boýunça dünýäniň öňki absolýut çempiony Maýk Taýsona degişli bolan 1995-nji ýylda öndürilen Ferrari F50 kolleksiýa sportkaryny söwdalara çykarýar.
Hünärmenler awtomobiliň bahasyny 7 milliondan 9 million dollar aralygynda bahalandyrýar.

Hödürlenen lot — ýörite ABŞ-nyň bazary üçin öndürilen bu modeliň 55 awtomobiliniň biridir. Awtomobil salonyň goýy reňkdäki bezegi bilen gyzyl reňkdedir.
Sportkaryň geljekki eýesi diňe bir ulag serişdesiniň özüni däl, eýsem asyl resminamalaryň toplumyny, şeýle hem lotuň kolleksiýa gymmatlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen Maýk Taýsonyň öz goly çekilen boks elliklerini hem alar.

Üç onýyllygyň dowamynda ulag birnäçe eýesini çalyşdy, ýöne örän gowy ýagdaýda galdy: 1996-njy ýylda alyja ilkinji gezek gowşurylanyndan bäri onuň geçeni, takmynan, 10 müň km ýetdi. 2022-nji ýylda awtomobil Fort-Loderdeýldäki brendiň resmi dilerlik merkezinde doly düýpli abatlaýyşdan we tehniki hyzmatdan geçdi.