Toyota-nyň Demirgazyk Amerika bölümi we Barrett-Jackson auksion öýi Toyota Supra-nyň nusgalarynyň biri bolan soňky Final Edition hoşlaşyk wersiýasyny auksionda satar.
Hyzmatdaşlar bu ulagy A90 nesliniň iň soňky Supra awtoulagy diýip atlandyrýar. Emma onuň bütin dünýä bazary üçin öndürilen iň soňky nusgadygy ýa-da diňe Demirgazyk Amerika üçin niýetlenen ulaglaryň soňkusydygy anyklaşdyrylmaýar.
Bu üýtgeşik nusga 99999 bilen tamamlanýan özboluşly VIN belgisini alar. Üstesine, Toyota-nyň öňki baş direktory Akio Toýoda hem ulaga öz goluny çeker.
Kupe gabarasynyň ýörite gyzyl öwüşginli reňki we goşmaça aerodinamiki elementleri bilen tapawutlanar. Final Edition wersiýasynda güýçlendirilen stabilizatorly kämilleşdirilen asma ulgamy, has kuwwatly Brembo tormozlary, gabaranyň (kuzowyň) goşmaça güýçlendirijileri we täzelenen salon bezegi hem göz öňünde tutulypdyr.
Awtoulag mehaniki geçiriş gutusy bilen utgaşýan, 387 at güýjüni öndürýän hatar görnüşli alty silindrli hereketlendiriji bilen üpjün edilendir.
Auksion ýanwar aýynyň ahyrynda geçiriler. Awtoulagyň garaşylýan bahasy häzirlikçe aýan edilmedi. Barrett-Jackson-yň baş direktory Kreýg Jekson 2019-njy ýylda ABŞ-daky ilkinji A90 Supra-nyň hut şu auksionda 2,1 million dollara satylandygyny ýatlatdy.
Soňky Supra-nyň satuwyndan alnan serişdeleriň ählisi tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmaga kömek edýän Reach Out Worldwide haýyr-sahawat guramasyna geçiriler. Guramany 2010-njy ýylda "Forsaž" filmindäki Braýan O’Konnoryň keşbi bilen tanalýan aktýor Pol Woker esaslandyrypdy. Häzirki wagtda gurama onuň dogany Kodi Woker tarapyndan dolandyrylýar.