Casio displeýli we pulsometrli akylly ýüzük çykardy

31.07.2026, 19:022,173
1 / 4

Casio kompaniýasy kiçijik sanly sagadyň dizaýnyny we smart-enjamlaryň mümkinçiliklerini özünde jemleýän CRW-H001M-8 akylly ýüzügini çykardy.

Meňzeş önümleriň köpüsinden tapawutlylykda, täze model özüniň kiçi displeýine eýe boldy, bu bolsa smartfona birikdirmezden wagty görmäge mümkinçilik berýär.

Ýüzügiň korpusy keramikadan we poslamaýan polatdan ýasalan, ekran bolsa mineral aýna bilen goralandyr. Enjamyň ölçegleri 25,3 × 19,5 × 6 mm, agramy bolsa 19 grama deňdir. Ýüzük gündelik ulanmak üçin niýetlenen we suwdan goraga eýe.

Gurluş saglygyň ýagdaýyna we fiziki işjeňlige gözegçilik etmek üçin datçikler bilen üpjün edildi. Ol ýürek urşunyň ýygylygyny, gandaky kislorodyň derejesini, beden temperaturasyny, ukynyň hilini, ädim sanyny, kaloriýa sarp edilişini we türgenleşikleriň görkezijilerini ölçäp bilýär. Ýörite brend goşundysynyň üsti bilen ulanyjylar saglyk baradaky hasabatlary görüp, türgenleşikleri seljerip we aýbaşy tapgyrynyň hasabyny ýöredip biler.

Akylly funksiýalaryň arasynda jaňlar we habarlar barada wibrasiýaly duýduryşlar, sessiz budilnik, ýatlatmalar we saglygyň ýagdaýy barada duýduryşlar bar. Goşmaça hökmünde enjam dünýä wagty funksiýasyny, sekundomeri, senenamany we displeýiň yşyklandyryşyny goldaýar.

Smart-modulyň bir gezekki zarýadda işleýän wagty 4 günden 6 güne çenli, garaşmak režiminde bolsa 25 güne çenlidir. Şol bir wagtyň özünde sanly displeýi iýmitlendirýän aýratyn batareýa iki ýyl işlemäge niýetlenýär.

Casio CRW-H001M-8 eýýäm Hytaýda 1990 ýuan (takmynan, $295) bahadan satylýar. Kompaniýa enjamyň häzirlikçe diňe Hytaýda elýeterlidigini we onuň kepillik hyzmatynyň diňe ýurduň içinde berilýändigini belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.