Infantino gaýtmyşym etdi: DÇ-ni bölekleýin hususylaşdyrmak meýilnamasy ýatyryldy

01.08.2026, 15:055,872
1 / 4

Halkara futbol assosiasiýalary federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino Ýewropa, Aziýa, Demirgazyk we Merkezi Amerika konfederasiýalarynyň nägileliklerinden soň, futbol boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge hususy maýadarlary çekmek teklibini yzyna aldy.

«Ähli pikirleri dykgat bilen diňläp, men bir zada düşündim, bu taslama şeýle bir bölünişige getirdi welin, taslamanyň goldaw derejesine garamazdan, ol mundan beýläk göz öňünde tutulan maksatlara hyzmat etmeýär» – diýip, Infantinonyň beýanatyny Reuters agentligi getirýär.

Sport ýolbaşçysynyň bu başlangyjyny Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA), Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karib basseýniniň futbol konfederasiýasy (KONKAKAF) hem-de Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) berk ýazgardy. Bu bolsa Infantinonyň taslamasynyň FIFA-da barybir köp ses alyp bilmejekdigini aňladýardy: sebäbi dünýäniň milli futbol federasiýalarynyň we birleşikleriniň tas üçden iki bölegi bu üç guramanyň düzümine girýär.

«FIFA biziň sportumyzy özüniň we dostlarynyň baýamagy üçin ulanmagyny bes etmelidir» – diýlip, UEFA-da bellenildi.

Kuşneriň gatnaşmagyndaky meýilnama

Infantinonyň 28-nji iýulda resmi taýdan yglan edilen başlangyjy FIFA-nyň ýanynda Fifa Forward Enterprise (FFE) diýen täjirçilik şahamçasyny döretmekden ybaratdy. Hut şol gurama hem FIFA-nyň howandarlygy astyndaky ýaryşlary gurnamak bilen meşgullanmalydy.

Kompaniýada gözegçilik etmäge mümkinçilik bermeýän kiçi paýlary hususy maýadarlara satmak göz öňünde tutulypdy.

Şunda FIFA-nyň ýolbaşçysynyň niýetine görä, ilkinji maýadarlar toparyna Donald Trampyň giýewisi Jared Kuşneriň dugany Joşua Kuşner tarapyndan düýbi tutulan Thrive Eternal wençur firmasy ýolbaşçylyk etmelidi. Bu gurluş Joşua Kuşneriň Thrive Capital Management wençur kompaniýasynyň ýanynda bary-ýogy üç aý öň, aprel aýynyň ahyrynda döredildi.

Donald Tramp anna güni bu meýilnamalary Infantino bilen maslahatlaşmandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Trampyň ikinji prezidentlik döwründe FIFA-nyň ýolbaşçysy bilen örän ýakyn gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny görmän bolmaz — aýratyn hem şu ýyldaky dünýä çempionatynyň, esasan, ABŞ-da geçendigi sebäpli. Dekabr aýynda, ýaryşyň bije çekilişiginde Infantino Trampa ýörite döredilen «FIFA-nyň Parahatçylyk baýragyny» gowşurypdy. Iki hepde öň bolsa Janni Infantino dünýä kubogyny täze çempionlara — ispanlara — ýaryşy kabul edýän ýurduň prezidenti bilen bilelikde gowşurdy.

Dünýäniň üç böleginden bir ultimatum we iki garşylyk

UEFA penşenbe güni geçirilen adatdan daşary mejlisinde, eger Infantino öz meýilnamasyndan ýüz öwürmese, FIFA-nyň howandarlygyndaky ýaryşlara, şol sanda dünýä çempionatlaryna boýkot yglan etmek barada çözgüt kabul etdi.

Birnäçe sagatdan soň ýewropalylary KONKAKAF hem goldady, ertesi gün bolsa olara Aziýa futbol konfederasiýasy goşuldy.

Şol bir wagtyň özünde KONKAKAF we AFK, ýewropalylardan tapawutlylykda, boýkot bilen haýbat atmady, ýöne Infantinony ýiti tankytlady. Galan üç konfederasiýa — Günorta Amerika, Afrika we Okeaniýa — hiç hili beýanat bermedi we teklip edilýän meýilnamany awgust aýynda maslahatlaşmakçy bolýar.

Geňeşçiniň wezipesinden çekilmegi we ýerine ýetiriji direktoryň beýanaty

Anna güni garşylyk hökmünde Karlos Kordeýro wezipesinden gitmek barada arza berdi, ol bäş ýyla golaý wagt bäri Infantinonyň global strategiýa we dolandyryş boýunça uly geňeşçisi bolup işledi we 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça Ak tamyň işçi toparynda FIFA-a wekilçilik etdi.

Şol gün FIFA-nyň ýerine ýetiriji direktory Kewin Lamur hem beýanat bilen çykyş etdi. Ol Infantinony guramanyň işgärlerini aldamakda aýyplady we soňunda eger bu sebäpli işini ýitirse, iň bolmanda, arkaýyn ýatyp biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Infantinonyň meýilnamasy barada Beýik Britaniýanyň täze premýer-ministri Endi Börnem hem öz pikirini bildirip, ony masgaraçylykly diýip atlandyrdy.

«Bu pikiriň umuman öňe sürlüp bilinmegi, meniň pikirimçe, [onuň] bu gurama ýolbaşçylyk etmeli adam däldigini görkezýär» – diýip, Börnem aytdy.

Garyplar goldap bilerdi

Hünärmenleriň çaklamagyna görä, Infantinonyň meýilnamasyny köp sanly garyp ýurtlaryň döwlet wekilleri goldap bilerdi, sebäbi ol FIFA tarapyndan berilýän subsidiýalaryň artdyrylmagyny göz öňünde tutýardy.

29-njy iýulda federasiýalara iberilen düşündiriş hatynda Infantino, eger taslama kabul edilse, nobatdaky maliýe tapgyrynda (2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap) her bir milli assosiasiýanyň 40 million dollara çenli pul alyp biljekdigini wada berdi. FFE-niň çäginde, umuman, goşmaça 20 milliard dollar çekmek meýilleşdirilýärdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.