Režissýor Niteş Tiwariniň hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat taslama öwrülen «Ramaýana» atly iki bölümli filminiň treýleri çykdy.
Taslamanyň býujeti 4000 kror rupiý, ýagny 40 milliard rupiý (takmynan 480 million dollar) diýlip çaklanylýar. Bu görkeziji «Ramaýanany» dünýä kinosynda iň köp çykdajy edilen kino önümleriniň birine öwürýär.
Ilkinji şekillere seredeniňde, awtorlaryň Golliwudyň iň uly blokbasterleri bilen bäsleşip biljek epik giňişlige we wizual täsirlere has ýykgyn edendiklerini aňmak bolýar. Kinoepopeýanyň ilkinji bölüminiň 4 minutlyk gysga wideosynda giň gerimli söweş sahnalary we eposyň esasy gahrymanlary tanyşdyrylyp geçilýär.
Filmdäki Ramanyň roluny Ranbir Kapur ýerine ýetirýär.

Birinji bölüm 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda, Diwali baýramynyň öňüsyrasynda prokata çykar. Ikinji bölüme bolsa 2027-nji ýylyň Diwali baýramynda tomaşa edip bolar. Iki bölüm hem Golliwuduň VFX-studiýalarynyň kömegini ulanmak arkaly yzly-yzyna däl-de, şol bir wagtda deňine düşürildi.
Treýler eýýäm internetde uly gowur döretdi: janköýerler filmdäki görnüş giňişligini hem-de bäş müň ýyldan gowrak taryhy bolan asyl çeşmä aýawly çemeleşilendigini bellediler.
Soňky ýyllarda hindi kinomatografiýasy giň göwrümli wizual täsirlere we saýlama aktýorlara edýän çykdajylary bilen Golliwuda deňleşip barýar. Meselem, 26-njy awgustda dünýä prokatyna «Toksik» (Toxic) diýen jenaýatçylyk dünýäsinden gür berýän ekşn-trilleri çykar. Onuň býujeti takmynan 850–1000 kror rupiýa (100–120 million dollar töweregi) deňdir.
Häzirki wagtda rekordy 600 kror rupiýa (72–75 million dollar töweregi) çykdajy edilen «Kalki, miladydan soňky 2898-nji ýyl» (2024) filmi saklaýar. Bu fantastik epos Amitabh Baççan, Prabhas we Dipika Padukone ýaly ýyldyz aktýorlary bir ýere jemledi.
Häzirki wagtda dünýäde iň gymmat film diýlip «Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (2022) filmi ykrar edildi. Studiýanyň resmi maliýe hasabatlaryna görä, onuň sap önümçilik çykdajysy rekord derejä — 658,8 million dollara ýetdi. Ilkibaşda film üçin takmynan 165–185 million dollar bölünip berlen bolsa-da, bu hasap COVID-19 pandemiýasynyň täsiri bilen birnäçe esse artdy. Düşürilişleriň gyzgalaňly tapgyry 2020-nji ýylyň fewralynda — koronawirusyň ilkinji tolkunynyň möwjän wagtynda başlandy we düşürilişleri birnäçe gezek aýlap togtatmaly boldy. Bu arakesme wagtynda studiýa tapylgysyz «Pinewood Studios» pawilýonlaryny saklamak, gymmat bahaly enjamlary kärendä almak we esasy hünärmenler başga taslamalara gitmez ýaly, olary şertnamada saklamak üçin millionlarça dollar tölemäge mejbur boldy.