Astronomlar subut etdi: Akmaýanyň ýoly birnäçe galaktika çaknyşmalaryndan soň emele geldi

04.08.2026, 17:522,978
1 / 2

Niderlandly astronom Amina Helmi Akmaýanyň ýolunyň ýuwaş-ýuwaşdan giňelmegiň hasabyna däl-de, eýsem beýleki galaktikalar bilen birnäçe iri çaknyşmalaryň netijesinde dörändigine gönüden-göni subutnamalary hödürlän gözlegi üçin Kawli baýragyna mynasyp boldy. Bu barada «France 24» habar berýär.

Groningen uniwersitetiniň gözlegçisi ýyldyzlaryň emele gelen şertlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän himiki düzümini öwrenip, galaktiki arheologiýa usullaryny ulandy.

«Biz, meselem, ýyldyzlardaky himiki maddalaryň mukdaryny ölçäp bileris, — diýip Helmi gürrüň berýär. — Bu ýyldyzlaryň özboluşly DNT-si ýaly işleýär, ýagny olar ýyldyzlaryň nirede we nähili gurşawda doglandygy baradaky maglumaty saklaýar».

Seljerme üçin Ýewropa kosmos agentliginiň 1,5 milliard ýyldyzyň hereketi barada takyk maglumatlary toplan Gaia missiýasynyň maglumatlary ulanyldy.

Üç ölçegli maglumatlary öwrenmek Akmaýanyň ýolunyň ýyldyz galosynyň özboluşly gurluşyny ýüze çykardy. Kompýuter modelirlemesi, takmynan, 10 milliard ýyl ozal biziň galaktikamyzyň kiçi Gaia-Enceladus galaktikasy bilen çaknyşandygyny görkezdi. Bu waka biziň galaktikamyzyň diskiniň formasynyň üýtgemegine we örän köp sanly täze ýyldyzlaryň emele gelmegine sebäp boldy.

Gözlegçileriň maglumatlaryna görä, häzirki günde Akmaýanyň ýoly öz ösüşiniň asuda tapgyryndadyr.

Kawli baýragyny gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Norwegiýanyň Ylymlar akademiýasynyň howandarlygynda Oslo şäherinde geçiriler.

Helmi öz zähmeti üçin Kawli baýragyny Wasiliý Belokurow (Kembrij uniwersiteti) we Rodrigo Ibata (Strasburg uniwersiteti) bilen paýlaşdy.

Gözlegçi alymlar «Akmaýanyň ýolunyň ierarhik akkresiýa (obýektleriň biri-birine goşulmagy) arkaly emele gelendigini subut edýän öňki birleşmeleriň galyndy subutnamalaryny ýüze çykarandygy» üçin öwgä mynasyp boldy.

Şeýle hem Helmi 1 million dollar möçberindäki baýrak gaznasynyň bir bölegini, medal we hormat hatyny alar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.