«Portu» futbol boýunça Portugaliýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. Kubok ugrundaky duşuşykda topar «Torrinseni» 1:0 hasaby bilen utdy.
Oýun Koimbra şäherinde geçdi. Ýeke-täk goly 38-nji minutda Wiktor Froholdt öz adyna ýazdyrdy.
Klub bu kubogy rekord 25-nji gezek utdy.
«Portu» bu duşuşyga Portugaliýanyň häzirki çempiony hökmünde çykdy.
Ikinji diwizionda çykyş edýän «Torrinse» bolsa Portugaliýanyň Kubogynyň eýesi hökmünde Superkubokda oýnamaga hukuk gazanypdy. Kubok ýaryşynyň finalynda bu topar goşmaça wagtda Lissabonyň «Sporting» toparyny 2:1 hasabynda utupdy.