Onuň bejergisi ýok: Nýu-Ýorkda ilkinji gezek howply Burbon ýokanjy ýüze çykaryldy

05.08.2026, 23:206,305

Nýu-Ýorkda ilkinji gezek sakyrtga arkaly ýaýraýan Burbon wirusy atly seýrek ýokanç kesel ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda oňa garşy sanjym ýa-da ýörite bejergi ýok diýip, Stouni-Bruk Lukmançylyk merkeziniň barlagyna salgylanýan Fox News ýazýar.

«Adaty «ýyldyzly sakyrtga» arkaly geçýän Burbon ýokanjynyň ýaýramasy şu tomusda we geljek ýyllarda-da artaýsa, tiz wagtdan keseli kesgitlemegem kynlaşar» diýip, merkezden mälim edýärler.

Wirusy «ýalňyz ýyldyz» atly sakyrtga göterýär. ABŞ-nyň Keselleriň gözegçiligi we öňüni alyş merkezleriniň (CDC) maglumatyna görä, sakyrtganyň bu görnüşi ýurduň demirgazyk-gündogarynda, günortasynda we orta günbatarynda giňden ýaýran hem-de iň awundyryjy sakyrtgalaryň hataryna girýär.

Burbon ýokanjy bilen bagly ilkinji ýagdaý 2014-nji ýylda Kanzas ştatynyň Burbon okrugynda hasaba alnypdy. Bu kesel sebäpli bir näsag aradan çykdy, soňra ýene azyndan iki sany heläkçilikli ýagdaý ýüze çykaryldy. Gözlegçiler bu ýokanja uçranlaryň bir bölegine diagnoz goýulman galan bolmagynyň mümkindigini-de çaklaýarlar.

Ýokanjyň alamatlaryna gyzdyrma, ýadawlyk, örgün, kelleagyry, beden agyrylary we ýürek bulanma girýär. Stouni-Bruk merkezinde köp lukmanlaryň bu wirus bilen entek ýeterlik tanyş däldigini, munuň bolsa nädogry diagnoz goýmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny bellediler.

«Nýu-Ýorkda we ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda «ýyldyzly sakyrtgalar» örän köp, olaryň populýasiýasy örän gür, üstesine-de Burbon ýokanjy bilen kesellän adamdaky alamatlar beýleki sakyrtga ýokançlyklarynyňka meňzeş» diýip, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Stouni-Bruk Lukmançylyk merkeziniň professory we sakyrtga keselleri klinikasynyň direktory Luis Markos düşündirýär.

Onuň aýtmagyna görä, ýokanjyň sebäbini anyklamazdan takyk diagnostika usullaryny we netijeli bejergini işläp düzmek mümkinçiligi az. Şol sebäpli munda epidemiologik gözegçiligi giňeltmek we test geçiriş ulgamyny kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.