Şu aý meşhur Monterey Car Week festiwalynyň çäginde RM Sotheby's auksionynda taryhdaky iň seýrek superkarlaryň biri satuwa çykarylar. Gürrüň ýeke-täk, 001 zawod belgisi bolan Cizeta-Moroder V16T-iň prototipi barada barýar.
Bu modeliň dünýäde bary-ýogy on sanysy öndürilipdi, emma satuwa çykarylýan wariant asylky kuzowynda Cizeta-Moroder diýip doly ady saklanyp galan ýeke-täk awtoulagdyr.

Özüne mahsus dört sany açylyp-ýapylýan faralary bolan bu superkar Lamborghini Miura, Countach we Lancia Stratos awtoulaglarynyň dizaýny bilen tanalýan Marçello Gandini tarapyndan döredildi.
Gandini bu dizaýny ilkibaşda Countach-yň gönüden-göni mirasdüşeri hökmünde işläp taýýarlady, ýöne şol wagt Lamborghini-ni satyn alan Chrysler konserni asyl dizaýna düýpli düzedişleri girizmegi talap etdi (bu bolsa ahyrda Lamborghini Diablo-nyň döredilmegine getirdi). Ilkinji radikal garaýşyndan ýüz öwürmek islemedik Gandini öz göwnüne beslänini garaşsyz Cizeta-Moroder taslamasynda durmuşa geçirmek kararyna geldi.

Bu brendiň özi inžener we öňki Lamborghini-niň synag sürüjisi Klaudio Zampolli we meşhur kompozitor Jorjio Moroder tarapyndan esaslandyryldy. Brendiň “Cizeta” adalgasy Klaudio Zampolliniň baş harplarynyň — C (Chie) we Z (Zeta) — italýan dilinde aýdylyşyndan gelip çykýar.
Superkaryň özboluşly tehniki toplumy bar: 64 klapanly, 6,0 litrlik tebigy aspirasiýaly V16 hereketlendirijisi minutda 8000 aýlaw bilen 540 at güýjüni öndürýär. Ol bäş tizlikli mehaniki transmissiýa bilen utgaşdyrylan.
1989-njy ýylda Cizeta Moroder V16T-niň bahasy takmynan 280 000 dollara deňdi (bu walýutanyň häzirki kursy boýunça takmynan 770 000 dollara - eksklýuziw giperkarlaryň derejesine barabar). Eýýäm şol wagt az tanalýan brendiň V16T-si Ferrari Testarossa-dan iki esse gymmatdy.
001 şassisiniň prototipi 1988-nji ýylyň dekabrynda Los-Anjelesde gala-tanyşdyryş dabarasynda ilkinji gezek görkezildi. Jorjio Moroder bu çäre üçin ýörite A Car Is Born aýdymyny ýazdy.


Maşynyň köpçülikleýin önümçilige çykarylmazynyň öňüsyrasynda, kompozitor möhletler we konsepsiýa bilen bagly dörän agzalalyk sebäpli taslamany terk etdi. Netijede, awtoulag asyl Cizeta-Moroder nyşanyny göterýän ýeke-täk ulag bolup galdy - soňraky dokuz nusga diňe Cizeta V16T ady bilen çykaryldy.
2022-nji ýyla çenli superkar Moroderiň şahsy kolleksiýasynda galdy, şondan soň ol doly abatlaýyş işlerinden geçirildi. Awtoulag indi arkaýyn işleýär, ýöne onuň VIN-belgisi ýok, şonuň üçin oňa jemgyýetçilik ýollarynda hereket etmäge ygtyýar berlenok.