Mýunhendäki BMW Welt toplumynda Art Cars taslamasynyň 50 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Meşhur suratkeşler tarapyndan bezelen BMW-niň ähli 20 awtoulagy ilkinji gezek bir ýerde jemlendi.

Art Cars taslamasy 1975-nji ýylda ýewropaly ýaryşyjy we auksionçy Erwe Pulen amerikan skulptory Aleksandr Koldere «24 sagat Le-Man» marafony üçin BMW 3.0 CSL ýaryş ulagyny bezemegi teklip eden pursadynda peýda boldy. Wagtyň geçmegi bilen bu başlangyç awtoulag sungatynyň iň meşhur kolleksiýalarynyň birine öwrüldi.
Dürli ýyllarda taslama Endi Worhol hem-de Jeff Kus ýaly öňdebaryjy suratkeşler goşuldylar. Bezelen awtoulaglar muzeý kolleksiýalarynyň we BMW-niň korporatiw mirasynyň bir bölegine öwrüldi. Olara, köplenç, «göçýän heýkeller» hem diýýärler.




Art Cars eksponatlary bütin dünýäde sergilerde yzygiderli görkezilýär. Olar eýýäm Los-Anjelesde, Londonda we Gonkongda, şeýle hem Luwrda, Guggenhaým muzeýinde we Şanhaý häzirki zaman sungat muzeýinde sergilendi.
BMW Welt-däki sergi Art Cars taslamasynyň ýarym asyrlyk taryhynda döredilen ähli awtoulaglaryň bir ýerde görkezilen ilkinji sergisi boldy.
