Geçen iýul aýy Londonyň meteorologiýa synlamalarynyň tutuş taryhynda (1871-nji ýyldan bäri) hiç hili ýagyn ýagmadyk ilkinji aý boldy. Bu ýagdaý Kýu Patyşalyk botanika bagynda ýerleşýän meteostansiýa tarapyndan tassyklanyldy.
London Centric neşiri geçen aý Beýik Britaniýanyň paýtagtynyň käbir künjeklerinde az-owlak ýagyş çisňän-de bolsa, Kýudaky stansiýada bir gezek hem ýagnyň hasaba alynmandygyny habar berýär.
«Umuman, ýagdaý düşnükli. Biz paýtagtyň ýylyň uzyn bölegini bir damja ýagyşsyz geçirjekdigini boýun almaly pursatlara golaýlaşýarys. Ýöne London muňa taýýar däl», - diýlip, habarda bellenilýär.
Adatdan daşary yssy howa akymy iýun aýynyň ahyrynda Ýewropanyň üstüne-de howp bolup abandy. Çaklamalara görä, ol azyndan 3700 adamyň bimahal aradan çykmagyna sebäp boldy.