Täze «Möý adam» bary-ýogy bir hepdede milliard dollar gazandy

05.08.2026, 23:555,742

"Möý adam: Täze gün" filmi dünýäniň kassa ýygymynda bary-ýogy ýedi günüň içinde 1 milliard dollarlyk görkezijiden geçdi. Mundan çalt  üstünlige diňe "Ar alyjylar: Soňy" filmi ýetipdi diýip, Variety habar berýär.

Tom Hollandyň baş keşbi janlandyrmagyndaky bu film birnäçe ýurtlaryň kinoteatrlarynda 29-njy iýulda görkezilip başlady. Ilkinji hepdesinde ol ABŞ-da 407 million dollar, beýleki ýurtlarda bolsa ýene 645,8 million dollar gazandy.

ABŞ-nyň kassalarynda blokbaster duşenbe güni 46 million dollar gazanyp, hepdäni şol güni boýunça rekord goýdy. Öňki iň gowy görkeziji 40 million dollar gazanan "Gara Babyr" filmine degişlidi.

"Möý adam: Täze gün" 2026-njy ýylyň milliard dollarlyk görkezijiden geçen dördünji filmi boldy. Öň bu derejä "Super Mario: Galaktiki kino", "Maýkl" we "Oýnawaçlaryň hekaýaty 5" filmleri ýetipdiler.

Film tankytçylardan we tomaşaçylardan ýokary baha aldy. Rotten Tomatoes-de filmiň makullanyş reýtingi 89%, IMDb-iň we Letterbox-yň ulanyjylary bolsa filme degişlilikde 10-dan 8,2 we 5-den 4,1 baha berdiler.

Ýylyň ahyryna çenli Marvel ýene bir uly taslamany - “Ar alyjylar: Doktor Dum” filmini çykarmagy meýilleşdirýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.