Mitsubishi Pajero barada täze maglumatlar paýlaşyldy

06.08.2026, 15:223,998
1 / 3

Mitsubishi kompaniýasy täze nesil Pajero-nyň tizer suratlaryny çap etdi hem-de bu ýolsuzlyk awtoulagy baradaky goşmaça maglumatlary paýlaşdy.

Kompaniýa täze maşynyň berk, basgançak görnüşli rama görnüşinde guruljakdygyny habar berdi. Çap edilen suratlaryň birinde hut şu gurluş görkezilýär. Eger maglumat tassyklansa, model ulagyň birinji we ikinji nesillerinde ulanylan klassiki rama arhitekturasyna gaýdyp geler. Eýýäm 1999-njy ýylda çykan üçünji neslinden başlap Pajero kuzowa utgaşdyrylan rama arhitekturasyna geçirilipdi. 

Şeýle hem Mitsubishi awtoulagyň ýoldaky durnuklylygy güýçlendirmek üçin niýetlenen asma ulgamyny, şeýle hem dört tigrinem herekete getirýän «Super All Wheel Control» (S-AWC) ulgamyny aljakdygyny gürrüň berdiler.

Awtoulagyň tanyşdyrylyşy güýzde bolar, ýöne kompaniýa heniz takyk senesini aýtmady.

Mundan öň kompaniýa beýikligi, gyşarmany we tangažy (ýokary galýan ýa-da aşak inýän ýoluň eňňitligini ölçeýän datçik) görkezýän üç sany enjamly «Multi Meter» sanly bloguny görkezipdi. Beýle görkezijiler Pajero-nyň ozalky nesillerinde hem elýeterlidi, ýöne olarda analog enjamlar ulanylýardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.