Airbus kompaniýasy geljekde çykaryljak kiçi we orta göwrümli ýolagçy uçarlary üçin «Wing of Tomorrow» («Geljegiň ganaty») atly täze taslamany durmuşa geçirýär. Bu ganatlaryň iň geň galdyrýan aýratynlygy — olaryň ujunyň eplenýänligidir.
Aslynda, uçaryň ganaty näçe uzyn we inçe bolsa, howanyň garşylygy şonça gowşaýar. Bu bolsa ýangyjy tygşytlamaga we kömürturşy gazynyň (CO₂) zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Ýöne bir bökdençlik bar: ganatlar aşa uly bolsa, uçar häzirkizaman aeroportlaryna sygmaýar. Indi inženerler munuň hem çaresini tapdylar — uçar ýere gonandan soň ganatlaryň ujy ýokary eplener ýaly etdiler.
Täze ganatlar durnukly kompozit materiallardan ýasalýar. Airbus özüniň «A321neo» kysymly synag uçarynda ganatlaryň giňliginiň her tarapyny ozalkysyndan takmynan bäş metr uzaltdy. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, ýakyn üç ýylyň içinde bu ganatlaryň ilkinji synag uçuşlary geçiriler. Ilki bilen eplenmeýän, ýöne täze dizaýndaky ganatlar barlanyp görler, soňra bolsa doly eplenýän görnüşine geçiler.
Airbus bu akylly tehnologiýa arkaly aeroportlarda hiç hili goşmaça gurluşyk etmezden, ýangyç sarp edilişini we zyňyndylary ep-esli (azyndan 10% we ondan hem köp) azaltmagy maksat edinýär.