NASA «PUNCH» missiýasynyň beren maglumatlary esasynda döredilen täze ulgamyň synaglardan üstünlikli geçendigini habar berdi. Ol Gün tupanlarynyň wagtyny öňküsinden has tiz çaklamaga ýol berýär.
Synaglar wagtynda bu ulgam Günden bölünip çykýan plazmalaryň (koronal massa zyňyndylarynyň) Ýere geljek wagtyny adaty bäş sagatlyk tapawut bilen däl-de, bary-ýogy 30 minuda çenli takyklyk bilen kesgitlemegi başardy.
Günden bölünip çykýan bu ägirt uly plazma bulutlary emeli hemralaryň, elektroulgamlaryň we kosmos enjamlarynyň işine uly zyýan ýetirip bilýär.
2025-nji ýylda «PUNCH» missiýasy amala aşyrylmazdan ozal alymlar bu tupanlaryň Günden Ýere tarap gelýän ýolunyň diňe ujypsyzja bölegini synlap bilýärdiler, galan çaklamalar bolsa diňe hasaplama modellerine esaslanýardy.

PUNCH missiýasynyň Ýere golaý pes orbitada işleýän 4 sany emeli hemrasy plazmanyň hereketine bökdençsiz diýen ýaly gözegçilik edip, her 4 minutdan täze suratlary iberip durýar.
Alymlar bu ulgamy synap görmek üçin 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda bolup geçen güýçli Gün tupany baradaky maglumatlary ulandylar. Tupan turanyndan 12 sagat soň täze model plazmaly buludyň Ýere gelip ýetjek wagtynyň hasabyny çykardy. Munuň üçin bary-ýogy ýarym sagat ýeterlik boldy.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, maglumatlaryň mundan beýläk hem toplanmagy tupanlaryň ýere ýetjek wagtyny has it we has takyk çaklamaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, ilkinji gözegçilik Gün plazmasynyň bulutlarynyň öň pikir edilişinden has çylşyrymly gurluşa eýedigini we Gün ulgamynyň içki böleginden geçýän wagtynda dowamly üýtgeşmä sezewar bolýandygyny görkezdi.