Türkmenistanly media hünärmenler, kino we tehnologiýa muşdaklary döredijilik toparlary we özbaşdak awtorlar 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryndan 1-nji oktýabr aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek «Astana AI Film Festival» (AAIFF 2026) halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.
Emeli aň tarapyndan döredilen filmleriň halkara bäsleşigi «Astana AI Week» hepdeliginiň çäklerinde guralan festiwalyň esasy wakasy bolar.
Bäsleşik eýýäm kän adamyň ünsüni çekdi: ilkinji iki aýyň içinde dünýäniň 90 ýurdundan dagy 1500-den gowrak iş gelip gowuşdy.
Gatnaşmak isleýänleriň köplügi, awtorlaryň öz filmlerini kämilleşdirmegi dowam etdirýändigini nazara alyp, guramaçylar arzalary kabul etmek möhletini 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli uzaltdy (ozal 15-nji awgusta çenlidi).
Festiwalyň beýle uly gyzyklanma döretmegine geň galyp oturasy zat ýok — onuň umumy baýrak gaznasy 1 mln dollara ýetýär.

Bäsleşigiň şertleri
Bäsleşigiň esasy temasy — «The future worth living in» («Ýaşanyňa degýän geljek») bolup, gatnaşyjylar geljege bolan garaýşyny we ertirki günde dünýäni nähili görýändiklerini emeli aňyň kömegi bilen görkezmelidir.
Gatnaşmagyň esasy şerti Full AI formatydyr, şunda emeli aň diňe bir kömekçi gural hökmünde peýdalanylman, eýsem filmi öndürmegiň esasy tehnologiýasy hökmünde çykyş edýär. Awtorlar dowamlylygy 3 minutdan gysga bolmadyk göwrümdäki filmleri hödürlemeli. Wideonyň esasy dili iňlisçe bolmaly ýa-da filme hökmany iňlis dilindäki subtitrler goşulmaly.
Bäsleşige gatnaşmak dolulygyna mugt we hiç hili ýaş ýa-da hünär çäklendirmeleri ýok, ýöne işler awtorlyk hukuklaryny goramak boýunça talaplara berk laýyk gelmeli hem-de zorluk sahnalaryny ýa-da başga gadagan edilen mazmuny öz içine almaly däldir.
Arza bermegiň we ýeňijileri saýlamagyň tertibi
Arzany AAIFF.ai resmi saýtynda tabşyryp bolýar. Awtorlar taslamany Google Drive-a (ýa-da başga bir bulut hyzmatyna) ýükläp ýa-da ony YouTube ýerleşdirip, salgylanma görkezip biler. YouTube-daky wideo üçin #SpecialForAAIFF heştegini, awtoryň adyny we beýanda «Special for Astana AI Film Festival» jümlesini görkezmek hökmanydyr.
Işlere hünärmenlerden, prodýuserlerden we creative tech-pudagynyň wekillerinden düzülen halkara eminler topary baha berer.
Finala iň gowy 25 film çykar:
- Yglan edilen tema bagyşlanan 10 film esasy bäsleşikde görkeziler, 3 orun eýelän ýeňijilere $450 müň, $200 müň we $100 müň garaşýar.
- Dürli tema bagyşlanan 15 film açyk bölümde görkeziler, onda 5 ugur boýunça baýrak göz öňüne tutulan: iň gowy gahryman, ugur, wizual effektler, hekaýat we konsepsiýa üçin. Ýeňijiniň hersine $50 müň berler.
Hepdeligiň çäklerinde guramaçylar ýörite EA filmleriniň görkezilişini, awtorlar we prodýuserler üçin ussatlyk sapaklaryny, panel çekişmelerini we pitç-sessiýalary geçirmegi hem meýilleşdirýär.
Türkmen kreatorlary üçin bu forum öz zehinini görkezmäge, tejribe alyşmaga hem-de innowasion tehnologiýalar pudagynda halkara gatnaşyklary berkitmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.