Toyota «Yaris Cross» modeliniň sport görnüşini we «Harrier» krossowerini täzeledi... sähelçe...

07.08.2026, 21:553,188
1 / 8

Toyota kompaniýasy Yaris Cross krossoweri üçin GR SPORT sport wersiýasynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Üpjünçilik derejesi artdyrylan we daşky görnüşine sähelçe üýtgeşmeler girizilen model eýýäm satuwa çykdy.

GR SPORT komplektasiýasy Yaris Cross hatarynda 2022-nji ýylda peýda boldy we adaty modelden sport stilindäki bezegleri bilen tapawutlanýar. Awtomobiliň özboluşly radiator gözenegi, yzky bamperinde gorag örtügi, 215/50 R18 ölçegli tekerleri we 18 dýuýmlyk ýeňil tigir diskleri  bar.

Esasy täzelik üpjünçilik tarapy bilen bagly. Indi ulag başdan multimediýa ulgamynyň 10,5 dýuýmlyk HD-displeýi, öňdäki oturgyçlary, ruly gyzdyrmak ulgamy we Panasonic Holdings tarapyndan işlenip taýýarlanan nanoe X howa arassalaýyş ulgamy bilen üpjün edilýär. Öň bu artykmaçlyklaryň bir bölegi diňe goşmaça tölege hödürlenýärdi ýa-da asla elýeter däldi.

Daşky görnüşi barada aýdylanda, indi gapdal aýnalaryň korpuslary we akula ýüzgüji şekilindäki antenna gara reňke boýaldy, bu bolsa awtomobili wizual taýdan has sport stilinde haýbatly görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde, GR SPORT görnüşiniň esasy aýratynlyklary öňküligine galdy. Awtomobil öň tarapynda GR logotipi bolan gyzyl tormoz supportlaryny, deri bilen örtülen ruly, alkantara we emeli deri bilen bezelen sport oturgyçlaryny, şeýle hem dolandyryşy gowulandyrmaga gönükdirilen asgynyň, rul dolandyryşynyň we güýç enjamynyň ýörite sazlamalaryny saklap galdy.

Bazara ulag iki görnüşde çykýar:

  • Benzinli: wariator bilen birlikde kuwwaty 120 at güýjüne barabar bolan 1,5 litrlik 3 silindrli hereketlendiriji. Öňki tigri ýa-da hemme tigri hereketli görnüşde.
  • Gibrid (HEV): umumy kuwwaty (Ýewropa bazary üçin) 130 at güýjüne deň bolan 1,5 litrlik ýangyç hereketlendirijiniň we elektrik hereketlendirijiniň binýadyndaky ulgam ýa-da (Ýaponiýa üçin) 80 at güýjündäki elektrik hereketlendiriji bilen 91 at güýjündäki benzinli hereketlendirijiniň esasynda parallel gibrid. Hemme tigri hereketli gibridlere yzky okda goşmaça elektromotor (5,3 at güýji) bilen «e-Four» ulgamy goşulýar.

Bahalary: Ýaponiýada benzin hereketlendirijili Yaris Cross GR Sport üçin azyndan 2 789 600 ýena (takmynan, $17 730), gibrid görnüşi üçin bolsa 3 169 100 ýena (~$20 140) tölemeli.

Içerki bazarda adaty Yaris Cross modeliniň bahasy 2 341 900 ýena (~$14 880), «E-Four» ulgamy bolan gibrid üçin bolsa 3 355 000 ýena (~$21 320) deňdir.

Ýaponiýada şeýle hem täzelenen Toyota Harrier krossoweriniň satuwy başlandy (amerikan bazarynda bu model «Venza» ady bilen çykarylypdy).

Bu ulaga-da ujypsyzja üýtgeşmeler girizilen: mundan beýläk awtomobiliň ähli wersiýalary eýýäm başdan dürli gurallary toga birikdirmek üçin ýükdanda 100 woltlyk 1,5 kilowatt rozetka bilen enjamlaşdyrylýar. Aýratyn «Z Leather Package» we «Z Night Shade» görnüşleriniňem daşky görnüşi bamperlerde peýda bolan goşmaça gara reňkli elementleriň hasabyna täzelendi.

Ýapon bazarynda täzelenen «Toyota Harrier» gibrid krossoweriniň bahasy 4 396 700 ýenadan (~$27 900) başlanýar, «E-Four» ulgamy bolan ortaça görnüşi üçin azyndan 5 086 400 ýena (~$32 270) tölemeli, iň gymmat görnüşi bolsa 5 406 500 ýenadan (~$34 310) satylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.