Çikagonyň «Ateneum» binagärlik we dizaýn muzeýi Binagärligiň, sungatyň, dizaýnyň we şäher gurluşyk barlaglarynyň Ýewropa merkezi bilen bilelikde «International Architecture Awards 2026» halkara baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi.
Bu ýyl eminler topary dünýä boýunça 130-dan gowrak binany we taslamany saýladylar we olary 24 ugur boýunça böldiler.
Guramaçylar «Muzeýler we medeni desgalar» ugruna degişli taslamalara, şeýle hem şäherleriň häzirki zaman keşbini kemala getirýän iri şäher gurluşyk we infrastruktura desgalaryna aýratyn üns berdiler.
«Muzeýler we medeni desgalar» ugry boýunça ýeňijileriň arasynda şu taslamalar bar:

- Kazan şäherinde ýerleşýän Kamal adyndaky teatryň täze binasy (Tatarystan) — «Wowhaus» topary we ýapon binagäri Kengo Kuma tarapyndan döredilen. Depesiniň ýiti uçly şekili Kaban kölündäki «buzly gülleri» ýada salýar.


- Brumadinýu memorialy (Braziliýa) — tehnogen heläkçiliginde pida bolanlaryň hatyrasyna gurlan desga. «Gustavo Penna Arquiteto & Associados» (GPA&A) binagärlik býurosy tarapyndan döredilen.

- Hançžou şäherindäki Yohoo muzeýi (Hytaý) — taslamasy «Aedas» halkara býurosyna degişli. Hytaýyň gadymy nefrit önümlerinden nusga alnyp döredilen bu konsepsiýa Lýançžu arheologik medeniýeti bilen Beýik kanalyň arasyndaky baglanyşygy aňladýar.

- Perm çeperçilik galereýasy (Russiýa) — «SPeeCH» býurosynyň taslamasy bolup, onuň täze korpusy köne Şpagin zawodunyň ussahanalary bilen ugtaşýar.

- Park1538 medeni toplumy (Günorta Koreýa) — sebitiň täze jemgyýetçilik we industriýa-medeni merkezine öwrüldi. Taslamanyň awtory «UnSangDong Architects» bilen «POSCO A&C».

- Şençžen ylym we tehnologiya muzeýi (Hytaý) — taslamanyň awtory «Zaha Hadid Architects» binagärlik kompaniýasy. Özüniň birgeňsi dizaýny üçin bu bina «kosmos gämisi» diýibem tanalýar.
Başga ugurlardaky käbir ýeňijiler:

Hýuston aeroportunyň Mikki Liland adyndaky D halkara terminaly (ABŞ) / «Fentress Architects» (Kýortis Fentressiň ýolbaşçylygynda), «Smith & Company Architects» bilen bilelikde

Ghaf Woods Experience Centre (Dubaý, BAE) / Hytaýyň «aoe» býurosy we Dubaýyň «STUDIOI» studiýasy

Şençžendäki ByteDance merkeziniň taslamasy (Hytaý) / Ennead Architects

The Reserve (Singapur) / «MONOLAB STUDIO», «Freight Architects-iň» gatnaşmagynda

Wepat bolan balykçylaryň hormatyna gurlan ýadygärlik (Petropawlowsk-Kamçatskiý, Russiýa) / «Gikalo Kuptsov Architects», baş binagär Aleksandr Kupşow, heýkeltaraşlar Andreý we Pawel Naliçler;

Aiontepe (Stambul, Türkiýe) / «GAD Architecture», baş binagär Gökhan Awjyoglu;

Kalle Neukölln (Berlin, Germaniýa) / Max Dudler, «Aukett + Heese» bilen bilelikde
Georgia & Abbott (Britan Kolumbiýasy, Kanada) / Leckie Studio Architecture + Design
«International Architecture Awards 2026» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 18-nji sentýabrda Afina şäherinde geçiriler.
Ýeňijileriň doly sanawy bilen baýragyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.