Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda daşary ýurt talyplary üçin wiktorina geçirildi

08.08.2026, 16:293,342
1 / 3

Aziýa ýurtlarynyň (esasan hem Hytaýyň) abraýly ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan 30 sany talypdan jemlenen topar bilen Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Bilim maksatnamasynyň çäklerinde Brýussele gelen talyplary Sapar Pälwanow garşylady. Bu barada Ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi talyplary diplomatik wekilhananyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy, myhmanlara Türkmenistanyň taryhy, baý medeni mirasy we hemişelik bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasat ýörelgeleri barada gürrüň berdi.

Şeýle hem ýurduň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryna, durnukly ösüşi berkitmek boýunça alyp barýan işlerine we meseleleri syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge bolan ygrarlylygyna üns çekildi.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda talyplara 2026-njy ýylda Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary we ahalteke atlarynyň milli medeniýetdäki orny barada maglumat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara atçylyk we medeni çäreleri barada hem aýdylyp geçildi.

Söhbetdeşlikde ilatyň durmuş taýdan goraglylygyna gönükdirilen döwlet syýasaty we sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada gürrüň berildi.

Tanyşdyrylyşdan soň, Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti boýunça wiktorina geçirildi. Tapawutlanan talyplara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, baş baýrak bolsa türkmen halysy boldy.

Ilçihana üçin munuň ýaly duşuşyklar däbe öwrüldi. Bu ýaş nesliň Türkmenistan barada bilimlerini artdyrmaga, ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmäge hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.