Gazagystanyň mekdeplerinde täze okuw ýylynda çagalara birinji synpdan başlap emeli aň öwrediler. Bu barada ýurduň Bilim ministrligi habar berdi.
Başlangyç synplarda okadylýan "Sanly sowatlylyk" dersiniň ady "Sanly sowatlylyk we emeli aň", bäşinji synpdan başlap öwredilýän “Kompýuter ylymlary” dersiniň ady bolsa "Kompýuter ylymlary we emeli aň" diýlip üýtgediler.
"Gürrüň diňe dersleriň atlarynyň üýtgedilmegi hakynda däl. Emeli aň sanly tehnologiýanyň we kompýuter ylmynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şonuň üçin okuw maksatnamasyna emeli aň boýunça täze bölümler girizildi" diýip, ýurduň ministrligi nygtady.
Maglumatlara görä, mekdep okuwçylaryna diňe bir emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň usulyýeti däl, eýsem, ony "aňly-düşünjeli, netijeli we jogapkärçilikli" ýagdaýda peýdalanmak öwrediler. Maksatnama mediasowatlylyk, sanly howpsuzlyk, şahsy maglumatlary goramak, kompýuter pikirlenişi, programmirleme we emeli aňyň gündelik durmuşda ulanylyşy ýaly temalary öz içine alar.
"Esasy üns emeli aňyň ýörelgelerini we onuň amaly ulanylyşyny düşündirmäge gönükdiriler. Okuw maksatnamasyna maşyn öwrenişiniň esaslary, neýron torlary, maglumatlary seljermek we amaly kriptografiýa ýaly ugurlar girýär" diýip, ministrlikde ýokary synplaryň okuw maksatnamasy barada gürrüň berdiler.