Ýaponiýa emeli aň bilen işlemek ukyby okuwyň hökmany bölegine öwrüler. Ýurduň bilim ministrligi kämilleşdirilen mekdep maksatnamasynyň taslamasyny hödürledi, täze standartlar 2030-njy ýylda güýje girmeli.
Orta mekdepde häzirlikçe «Maglumat we kompýuter tehnologiýalary» diýlip atlandyrylýan täze dersi girizmek meýilleşdirilýär. Başlangyç synplarda bolsa maglumat tehnologiýalary bilen baglanyşykly temalar «Integrirlenen sapaklar» dersiniň çäginde öwrediler.
Täze maksatnamada okuwçylaryň maglumatlary bahalandyryp bilmegi hem-de emeli aňyň pikirlenmäge we çözgüt kabul etmäge ýetirýän täsirine düşünmegi ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Ministrlik esasy howplaryň hatarynda sosial ulgamlarda galp maglumatlaryň ýaýramagyny, algoritmik ýalňyş düşünjeleri we döredijilikli emeli aňyň çagalaryň akyl ýetiriş ukyplaryna ýetirýän täsirini sanap geçýär.
Mekdepler hem okuw wagtyny paýlamakda has-da erkin bolar. Olar aýry-aýry dersler boýunça sagatlaryň sanyny 15% azaldyp, artan wagty bolsa okuwçylara şahsy kömek bermäge, mugallymlaryň ylmy-gözleg işlerine we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirip biler.
Baryp, maý aýynda ministrlik ahlak sapaklaryna üýtgeşmeleri girizmegi teklip edipdi. Maksatnama jogapkärçilik, onlaýn kemsitmeler (kiberbulling) we öý işleri hem-de döredijilik ýumuşlary ýerine ýetirilende emeli aňy etiki taýdan peýdalanmak temalaryny goşmak göz öňünde tutulypdy.
Ýaponiýada milli standartlara on ýylda bir gezek täzeden garalýar.