Oktýabrda Türkmenistanda emeli aň we innowasiýalar boýunça maslahatlar geçiriler

Şu gün, 06:00834

Oktýabr aýynda Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebinde innowasion tehnologiýalara, emeli aň ulgamlaryna, sanly ykdysadyýete we robototehnika bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Forumlara görülýän taýýarlyk barada wise-premýer B.Mämmedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny» atly maslahat geçiriler.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bolsa «Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, "akylly" diwersifikasiýa, durnukly ösüş» atly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Maslahatlara türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mugallymlarynyň we alymlarynyň, şeýle hem daşary ýurt uniwersitetleriniň we iri halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Çäreler sanly ulgam arkaly geçiriler.

Maslahatlarda «ýaşyl», howpsuz we «akylly» şäherleri döretmek tejribesini, innowasion gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak we robot tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem gatnaşyjylar ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, «akylly» diwersifikasiýa we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin emeli aň tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine sereder.

Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahatlary geçirmek bilen bagly teklibi goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini nygtady.