Nýu-Ýorkda okuwçylary «pikir ýaltalygyndan» gorap saklamak üçin EA ulanylyşy çäklendiriler

05.09.2026, 11:473,094

Nýu-Ýork şäheriniň döwlet mekdeplerinde 8-nji synpa çenli okuwçylara emeli aň gurallaryny ulanmak gadagan ediler. Täze düzgün indiki hepdeden güýje girer. «The Guardian» neşiriniň habar bermegine görä, bu kararyň kabul edilmegine ata-eneleriň we mugallymlaryň emeli aňyň çagalaryň özbaşdak pikirlenmek hem-de mesele çözmek ukybyna ýaramaz täsir edip biljekdigi baradaky aladalary sebäp boldy.

Bu çäklendirmeler heniz 13-14 ýaşamadyk mekdep okuwçylaryna degişli bolar. Hünärmenler okuwçylaryň jogap tapmakda neýroulgamlara aşa bil baglamagynyň olaryň özbaşdak pikirlenmek endigini gowşadyp biljekdigini aýdýarlar.

Täze düzgün boýunça, emeli aň gurallaryny diňe 9-njy synpdan başlap, belli bir okuw maksatlary üçin ulanmaga rugsat berler. Mysal üçin, ýokary synp okuwçylary emeli aňyň özi barada öwrenmek niýeti bilen bu tehnologiýadan peýdalanyp biler. Mugallymlara emeli aňy sapak meýilnamalaryny taýýarlamak ýaly işlerde ulanmaga rugsat berilse-de, ony okuwçylaryň işlerini barlamak üçin peýdalanmak gadagan bolar.

Nýu-Ýorkuň Bilim departamenti sapak wagtynda okuwçylaryň smartfon we beýleki ekranly enjamlardan peýdalanýan wagtyny hem azaltmagy maslahat berýär. 6–8-nji synp okuwçylary üçin bu wagty günde 45 minut, başlangyç synplar üçin bolsa 30 minut bilen çäklendirmek teklip edilýär. Şeýle-de bolsa, okuwçylaryň emeli aňy mekdepden daşary ulanmagyna nähili gözegçilik ediljekdigi heniz belli däl. Sebäbi bu ýagdaýlaryň köpüsi mekdebiň daşynda bolup geçýär.

Bu Nýu-Ýorkda okuwçylaryň emeli aň gurallaryna elýeterliligini çäklendirmek boýunça ilkinji ädim däl. 2023-nji ýylda şäheriň Bilim departamenti okuwçylaryň ChatGPT-den peýdalanmagyny gadagan edipdi. Emma bir ýyla ýetmän, bu çäklendirme ýatyryldy. 2026-njy ýylda mekdep okuwçylaryna gözleg, synag we döredijilik taslamalary üçin emeli aňdan peýdalanmaga gaýtadan rugsat berildi. Ýöne bu çemeleşme ata-eneleriň we mugallymlaryň köpüsiniň nägileligine sebäp boldy.