UEFA-nyň prezidenti Astanada saýlanar

08.08.2026, 20:025,368

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) 51-nji Kongresi 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde Astanada geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Syýahatçylyk we sport ministrligi habar berdi.

«2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde Astana Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň ýokary ýolbaşçy we kanun çykaryjy edarasy bolan UEFA-nyň 51-nji Kongresiniň geçirilýän meýdançasyna öwrüler. Kongresiň dowamynda kabul edilen çözgütler ýakyn ýyllarda ýewropa futbolynyň mundan beýläkki ösüş ugurlaryny kesgitlär», — diýlip, ministrligiň Telegram kanalynda aýdylýar.

Kongresiň dowamynda UEFA-nyň prezidentiniň we guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

Gazagystanyň paýtagtyna UEFA girýän 55 milli futbol assosiasiýasynyň wekilleri, şeýle hem guramanyň ýolbaşçylary, UEFA-nyň, ýewropa ligalarynyň, klub birleşikleriniň we halkara sport düzümleriniň wekilleri jemlener.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.