Hytaýyň «Çançžen-7A» raketasy ýaryldy: ol 6 ýylyň içinde birinji gezek heläkçilige uçrady

11.08.2026, 14:456,168
1 / 3

Hytaýyň «Çançžen-7A» (Long March 7A)  göteriji raketasy Hainan adasyndaky Wençan kosmodromyndan uçurlanyndan, takmynan, 90 sekunt soň howada partlady. Bu barada «Sinhua» agentligi habar berýär.

Heläkçiligiň sebäpleri häzirlikçe derňelýär.

Raketa «Çžunsin-4B» hemrasyny orbita çykarmalydy.

The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, «Çançžen-7A» raketasy alty ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek heläkçilige uçrady. Geçen gezek raketa 2020-nji ýylyň mart aýynda, özüniň ilkinji synag uçuşynda partlapdy.

Iýul aýynyň başynda Hytaýyň Aerokosmos ylym we tehnika korporasiýasy gaýtadan ulanylýan «Çançžen-10B» raketasynyň üstünlikli synag edilendigini mälim edipdi. Raketadan bölünip aýrylandan soň, onuň tizleşdirjisi dolandyryjylykly ýagdaýda gonup, ýüzýän platforma dolanyp geldi we ýörite tor arkaly gapylyp alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.