Fransiýadaky iň uly atom stansiýasyna meduza çozdy

12.08.2026, 20:2015,764
1 / 3

Meduzalaryň köpçülikleýin peýda bolmagy Fransiýadaky "Grawlin" atom elektrik stansiýasynyň üç reaktorynyň togtadylmagyna getirdi. Stansiýa sowatmak üçin Demirgazyk deňzi bilen birleşýän kanalyň suwundan peýdalanýardy, ulgama düşen meduzalar bolsa onuň işini bökdediler. Bu barada stansiýanyň operatory EDF-e salgylanyp, Reuters habar berýär.

Birgiden meduza sebäpli №2, №3 we №4 reaktorlar duruzyldy. №1 reaktoryň kuwwaty bolsa öňüni alyş çäresi hökmünde 50%-e çenli çäklendirildi. Hazirki wagtda №5 reaktor doly tehniki hyzmatda dur we diňe №6 reaktor adaty tertipde işlemegini dowam etdirýär.

​AES-de edil şeýle waka geçen ýyl hem bolup geçipdi. Şondan soň EDF bitewi päsgelçilikleri çaltrak ýüze çykarmak üçin zerur çäreleri görüpdi.

​«Kompaniýa peýda bolan päsgelçilikleri mümkingadar tiz ýüze çykarmak üçin suw alyş kanallarynda we filtrleýji barabanlarda stasionar kameralary ýerleşdirdi. Şeýle-de Fransiýanyň balykçylyk we deňizde halas ediş guramalary bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Olar meduzalaryň toparlaryny yzarlaýarlar. Jandarlar elektrik stansiýasyna baryp ýetmänkä, dyknyşygyny azaltmak üçin balykçylara duýduryş berilýär. Balykçylar bolsa ýörite torlar arkaly olary tutup arassalaýarlar» diýip, stansiýanyň hünärmenleriniň biri gürrüň berýär.

Bu gezek meduzalar öňräginden görüldi we balykçylyk gämileri olary öňe gidermezlige synanyşdylar. Emma toparyň bir bölegine barybir stansiýa ýetmek başartdy. AES-iň çägine düşen meduzalar wakuum maşynlarynyň kömegi bilen aýrylýar.

​​Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, şeýle ýagdaýlar yklymyň maýyllaşmagy, meduzalaryň başga ýerlerden gelen del görnüşleriniň köpelmegi, ýyrtyjy haýwanlaryň öz mekanlarynda ýaşamak mümkinçiliklerini ýitirmegi we balyklaryň çakdanaşa kän tutulmagy sebäpli utgaşyp, barha ýygy-ýygydan gaýtalanmagy ähtimal.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.