Köçe suratkeşi Benksiniň üç işi Beýik Britaniýanyň salgyt töleýjilerine tas 150 müň funt sterlinge (202,3 müň dollar) düşdi. Bu barada BBC ýazýar.
Serişdeleriň köpüsi Londondaky Patyşalyk kazyýetiniň binasyna çekilen diwar suratyny aýyrmaga sarp edildi. Işiň özi 2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda peýda boldy, onda ak oturtma saç geýen kazy şekillendirilip, ol nägilelik bildirmäge gelen eli boş ak plakatly adamy çekiç bilen urýar.

Häkimiýetler bu işi wandalizm hökmünde kabul edip, binagärlik ýadygärlikleriniň sanawy girizilen binanyň diwaryndan suraty aýyrmak synanyşygyna 50 müň funt sterling (67,4 müň dollar), şeýle hem gorag we iş wagtyndan daşary işler üçin 35,3 müň funt sterling (47,6 müň dollar) bölüp berdi.


Patyşalyk kazyýetindäki muraly arassalamak işi lazer tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen häzirem dowam etdirilýär. «BBC-niň» belleýşi ýaly, eger suraty düýbünden aýyrmak başartmasa, häkimiýetler diwar daşyny çalşyryp biler.
Polisiýa wandalizm boýunça derňew işine başlady.
«Jemgyýetçilik binalaryny jezasyz zaýalamaga hukugy bardyr öýdýän Benksiniň işlerini aýyrmak üçin salgyt töleýjileriň onlarça müň funt sterlinginiň, belki ondan hem köp serişdesiniň sarp edilmegi gabahatlyk. Biziň kazyýetlerimiz adalatlylygyň we kanunyň hökmürowanlygynyň milli nyşanydyr. Benksiniň wandalizmine ýol bermeli däl, ol özüniň başgalaryň üstüne ýükleýän çykdajylaryny tölemeli» – diýip, adalat ministrliginiň kölege ministri Nik Timoti belleýär.
Şu aralykda Benksiniň tarapyny çalýanlar hem bar.
«Käbir adamlar Bukingem köşgüne barýar, beýlekiler bolsa Benksiniň eserlerini görmäge gelýär. Onuň işi syýasatyň bizi birek-birekden aýryp bilýän wagtynda adamlary jebisleşdirýär. Ol alaka tutujy ýa-da şäher jarçysy ýaly. Eger siziň binaňyzda mural peýda bolsa, bu gorkuzyp biler, ýöne ol sungaty elýeterli edýär, ony görmek üçin adamlar galereýalara pul tölemeýär» diýip sungat tankytçysy Estel Lowatt belleýär.

Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň aprelinde Londonyň merkezindäki baýdakly erkegiň heýkeli germew we gorag çykdajylary sebäpli Westminster şäher geňeşine tas 60 müň funt sterlinge (81 müň dollar) düşdi.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň awgustynda häkimiýetler piranýa balyklary çekilen polisiýa budkasyny aýryp, onuň ammarda saklanmagyna 2,2 müň funt sterling (3 müň dollar) gönükdirdi.
2021-nji ýylda hem Benksiniň işi bilen bagly uly waka bolup geçipdi. Şonda suratkeş Lowstoftdaky hususy öýde alty metrlik çarlagy çekdi. Öý eýeleri suratkeşiň işini özleri goramaly boldy, soň bolsa gözegçileri işe aldy. Habar berlişi ýaly, netijede graffiti diwardan aýryldy we auksionda 247 müň dollara satyldy.