«Ömürlik höwrügenim, Corvette»: 94 ýaşly goja tas 70 ýyl bäri şol bir awtoulagy sürýär

17.08.2026, 20:119,265

94 ýaşly kaliforniýaly goja Bill Hatç tas bütin ömrüni şol bir awtoulaga eýelik edip gelýär. Özüniň şol derejedäki durnuklylygyny resmi taýdan hasaba aldyrmak üçin ol Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutdy diýip, SlashGear neşiri gürrüň berýär.

Hemme zat 1957-nji ýylda, Billiň «Bates Chevrolet» dükanyndan 3400 dollara täzeje Chevrolet Corvette ulagyny alan güni başlandy.

Şondan bäri 69 ýyl geçdi, ýöne Bill sport ulagyndan entegem aýrylyp bilenok. Ýetmiş ýyla golaý işjeň münülen ulag 275 müň kilometr ýol sökdi.

Belläp geçmeli zat, ulag kuzowynyň reňkini çalyşsa-da, häli-häzire çenli original hereketlendirijisini saklap galmagy başardy. Häzirki zaman ölçegleri boýunça ulagyň enjamlaşdyrylyşy ýöntemräk: onda aýrylýan gaty üçegi hem-de köneje radiosy bar, ýöne peji ýok.

Tehnikanyň ýaşynyň ep-eslidigine garamazdan, Hatçyň radiosyndan henizem saz ýaňlanýar.

Billiň dünýä rekordyna dalaş etmegi esassyz hem däl. Häzirki resmi taýdan bellige alnan rekord Chevrolet 210 ulagyny 67 ýyl we 314 gün saklan indianaly Garold Lemana degişli.

Hatçyň rekord üçin arzasy Ginnesiň bilermenleri tarapyndan eýýäm kabul edildi.

Bill Hatç özüniň rowaýata öwrülen ulagyndan lezzet alyp ýören wagtynda, kolleksiýa ulaglary bazarynda bu tapgyryň beýleki seýrek modellerine bolan gyzyklanma ýatanok. Meselem, Ferrari we Shelby bilen ýaryşmak üçin döredilen üç sany özboluşly Chevrolet Corvette Grand Sport kupesiniň biri ýakynda auksiona çykaryldy. Onuň üçin 11-13 million dollar tölemäge taýyn adamlar bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.