FT: Klub eýeleriniň agzalalygy zerarly «Çelsiniň» paýnamalary satlyga çykaryldy

18.08.2026, 15:294,952

Amerikaly maýadarlar Todd Boeli we Mark Wolter «Çelsi» futbol klubundaky paýlaryny onuň esasy (mažoritar) eýesi bolan Clearlake Capital maýa goýum kompaniýasyna satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu hakda ýagdaýdan habardar çeşmelere salgylanyp, Financial Times (FT) neşiri ýazýar.

Taraplar bu meseläni öň hem birnäçe ýyllap maslahatlaşypdylar, emma indi gepleşikler täzeden badalga aldy. Neşiriň ýazmagyna görä, maýadarlary bu ylalaşyga iterýän esasy zat — olaryň klubuň geljegine dahylly strategik meselelerdäki köpden bäri dowam edip gelýän düşünişmezligi. Mümkin bolan şertnamanyň möçberi we şertleri häzirlikçe aýdylmaýar.

FT neşiriniň ýazmagyna görä, döwlet gözegçilik edaralary tarapyndan barlaglar güýçlenensoň, Wolter elindäki beýleki uly paýnamalaryny hem gyssagly satmagyň ugruna çykdy.

«Çelsi» futbol kluby 2022-nji ýylda Roman Abramowiçden täze maýadarlar toparyna (konsorsiumyna) geçipdi. Bu toparyň düzümine Todd Boeli, Mark Wolter, milliarder Hansýorg Wiss hem-de Clearlake Capital maýa goýum kompaniýasy giripdi.

Şol wagtky şertnamanyň umumy bahasy 4,25 milliard funt sterlinge deň bolupdy. Bu puluň 2,5 milliard funty göni klubyň paýnamalaryny satyn almaga sarp edilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.