Amerikaly zenan 1 mln dollaryny mugallymlara paýlady

18.08.2026, 18:336,210
1 / 2

Kaliforniýanyň Marin etrabynyň ýaşaýjysy Maýa Kristi 1 mln dollar möçberdäki puluny mekdep mugallymlaryna paýlady. Bu barada People neşiri habar berýär.

​Waka 13-nji awgustda bolup geçdi. Şol gün Ross-Welli mekdep etrabynda zähmet çekýän 110-a golaý mugallym adaty iş duşuşygyna çagyrylandyrys diýen pikir bilen mekdebe ýygnandylar. Emma çäräniň deregine olaryň her birine 9 161,70 dollar möçberinde çek gowşuryldy. Biraz soňra serişdeleriň etrabyň ýaşaýjysy Maýa Kristi tarapyndan bölünip berlendigi belli boldy.

​Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, bu zenan döwlet tarapyndan bilim ulgamyna ýeterlik mukdarda pul bölünip berilmeýänligini adalatsyzlyk hasaplap, mugallymlary goldamak üçin öz ýanyndan hem mümkin boldugyça kömek etmek isläpdir.

​Mugallymlar bu garaşylmadyk pul kömegi üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler. Olar alnan puly öz şahsy hajatlary üçin ulanyp bilerler.

​Ross-Welli mekdep etraby Kaliforniýanyň iň baý sebitleriniň biri hasaplanýan Marin etrabynda ýerleşýär. Şeýle-de bolsa ol ýerde bilim ulgamynyň maliýeleşdirilişi ep-esli derejede pesligine galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.