NASA SWIFT teleskopyny halas etmekden ýüz öwürdi

Düýn, 22:48816

NASA we Katalyst Space kompaniýasy beýikligini ýitirip barýan SWIFT orbital obserwatoriýasyny halas etmek baradaky meýilnamasyndan el çekmeli boldy. Sebäbi ony ýokary galdyrmak üçin iberilen LINK kömekçi hemrasynyň dolandyryş ulgamynda näsazlyklar ýüze çykdy.

NASA-nyň metbugat beýanatynda bu şowsuzlyga şeýle teswir berilýär:

«Bu biziň gazanmak islän netijämiz däldi, ýöne missiýany asla başlanymyza-da degenokdy diýmek ýalňyş bolar. Topar SWIFT obserwatoriýasyna has köp ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik bermek üçin diýseň çakganlyk bilen hereket edipdi».

SWIFT obserwatoriýasy 2004-nji ýylda älemdäki iň güýçli gamma-şöhle partlamalaryny öwrenmek üçin orbita çykarylypdy. 2025-nji ýylda Günüň işjeňliginiň artmagy zerarly enjam gitdigiçe aşaklamak bilen boldy. Şondan bäri onuň orbitasy 585 km-den 360 km belentlige çenli peseldi.

NASA iýul aýynyň başynda Katalyst Space kompaniýasy bilen birlikde LINK hemrasyny uçurypdy. Ol SWIFT-e golaýlaşyp, üç sany robot goly bilen ýapyşyp, ony 600 km belentlige götermelidi. Bu operasiýanyň takmynan iki aý dowam etmegine garaşylýardy.

Indi bolsa, eger başga bir çäresi görülmese, bu gymmatly teleskop 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Ýeriň atmosferasyna girip, ýanyp ýok bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.