Kids Expo-da geçirilen rapid we blitz boýunça küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy

Şu gün, 15:27435
1 / 3

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 19-njy awgustda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlapdy. Onuň çäginde ilkinji gezek rapid we blitz ugurlary boýunça «Kids Expo-Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşy geçirildi.

Bäsleşige Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Eýrandan 15 küştçi, Türkmenistandan 79 oýunçy gatnaşdy. Küştçüler jemi 36 medal (12 altyn, 12 kümüş, 12 bürünç) ugrunda bäsleşdi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça, türkmen küştçüleri 7 altyn, 9 kümüş we 8 bürünç (jemi 24 medal) gazandy. Eýranyň türgenleriniň hasabynda 4 altyn, Gazagystanda 1 altyn we 3 bürünç, Özbegistanda 2 kümüş we 1 bürünç, Azerbaýjanda bolsa 1 kümüş medal bar.

Ýaryşyň netijeleri:

  • Rapid ugry (7 tapgyr, 10 minut + 5 sekunt):

    • 8 ýaş: Gyzlaryň arasynda medallaryň üçüsini-de türkmen küştçüleri aldy: Laçyn Isaýewa (altyn), Bahar Jumaýewa (kümüş) we Çynar Pirkulyýewa (bürünç). Oglanlaryň arasynda altyn medala Gazagystandan Zakariýa Amirow mynasyp boldy, ikinji we üçünji orunlary türkmen türgenleri eýeledi.

    • 10 ýaş: Gyzlaryň arasynda altyn medalyna Bägül Jumaýewa (Türkmenistan), oglanlaryň arasynda bolsa Kiaşa Mahbubi (Eýran) mynasyp boldy.

    • 12 ýaş: Gyzlaryň arasynda türkmen küştçüsi Dilber Hupbyýewa, oglanlaryň arasynda bolsa Eýrandan Sadra Roşantab ýeňiji boldy.

  • Blitz ugry (9 tapgyr, 3 minut + 2 sekunt):

    • 8 ýaş: Gyzlaryň arasynda üç orun hem türkmen küştçülerine degişli boldy, altyn medaly Näzli Kakageldiýewa aldy. Oglanlaryň arasynda bu medala Begmyrat Agamämmedow mynasyp boldy.

    • 10 ýaş: Gyzlaryň arasynda birinji orny Selbi Arslanowa eýeledi, oglanlaryň arasynda bolsa Eýrandan Kiaşa Mahbubi tapawutlandy.

    • 12 ýaş: Gyzlaryň arasynda altyn medaly rapid ýaryşynyň ýeňijisi Dilber Hupbyýewa gazandy. Oglanlaryň arasynda-da ýene Eýranyň wekili Sadra Roşantab ýeňiji boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.