«Forbes» žurnaly iň gymmat futbol klublarynyň reýtingini täzeledi. Onda birinji orny ýene-de «Real Madrid» eýeledi.
«Patyşalyk kluby» 9,5 milliard dollar baha bilen dünýäniň iň gymmat futbol kluby diýen derejesini ýene bir gezek tassyklady. Bir ýylyň içinde topar 245 million dollar operasion girdeji gazanyp, öz bahasyny 41% artdyrdy.

Onuň yzyndan 7,5 milliard dollar baha bilen «Barselona» ýerleşdi. Üçünji orna bolsa «Mançester Ýunaýtedi» (7,2 milliard dollar) dördünji orna oklan «Liwerpul» (7,43 milliard dollar) çykdy. Ilkinji bäşligi 5,8 milliard dollar baha bilen Fransiýanyň «PSŽ» topary jemleýär.

«Liwerpulyň» gymmatlamagy ýakynda baglaşylan şertnama bilen gönüden-göni baglydyr. Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň gatnaşmagynda 1892 Holdings konsorsiumy klubuň paýnamalarynyň bir bölegini satyn aldy.
«Forbesiň» hünärmenleri reýtingi düzenlerinde paýnamalaryň 30%-iniň satylandygy baradaky irki maglumatlara daýanypdyr. Ýöne soňrak konsorsiumyň paýnamalaryň, takmynan, 38%-ini 2,23 milliard dollara satyn alandygy mälim boldy. Bu bolsa iňlis klubunyň hakyky kapitalizasiýasynyň häzir has ýokarydygyny we onuň hatda «Barselonany» ikinji orundan gysyp çykaran bolmagynyň mümkindigini aňladýar.

Altynjy orny 5,7 milliard dollar bilen Mýunheniň «Bawariýasy» eýeledi. Germaniýanyň kanunynyň özboluşlylygy sebäpli klub daşarky kapitaly çekmekde çäklendirilen, ýöne awgust aýynda ol daşarky maýadarlara paýnamalary satmak boýunça kesgitlenen kwotany ýapdy. Klub iň soňky 5%-i Viessmann Generations Group maýa goýum toparyna satdy.
Umuman, ilkinji onluga Angliýanyň premýer-ligasynyň birbada alty wekili girdi. «Liwerpul» we «Mançeter Ýunaýtedden» başga-da, bular «Mançester Siti» (5,5 milliard dollar) we «Arsenaldyr» (5,4 milliard dollar). Soňkusy bir ýylyň içinde birbada 59% gymmatlap, bu görkeziji boýunça reýtingiň rekord eýesi boldy.

Onlugy Londonyň «Çelsi» (4,2 milliard dollar) we «Tottenhem» (3 milliard dollar) toparlary jemleýär. «Çelsi» ýokarda agzalan klublaryň arasynda 26 million dollar operasion zyýan bilen biznes babatda ýitgi çeken ýeke klub boldy. Häzirki wagtda klubuň iri paýdarlary Todd Boeli we Mark Wolter öz paýlaryny Clearlake Capital kompaniýasyna gyssagly satmak bilen meşgul. Hünärmenler bu içerki şertnamada «Çelsi» 6,7 milliard dollardan gowrak bahalandyrylar diýip çaklaýar.
«Tottenhem» onlukda bergileri zerarly bahasyny ýitiren (– 9%) ýeke-täk klub boldy.