«Roma» oýunda 99 belginiň hemmesini ulanan ýeke-täk klub boldy

Şu gün, 08:191,241
1 / 4

Ýakynda Portugaliýanyň «Portu» toparynyň ýarymgoragçysy Rodrigu Mora Italiýanyň «Roma» klubuna geçdi. Bu barada klub özüniň resmi saýtynda habar beripdi. Täze oýunçynyň geçmegi bilen «Roma» üýtgeşik taryhy rekord goýdy.

19 ýaşly ýarymgoragçy geçen klubunda 86-njy oýun belgisini saýlady.

Şondan soň rim topary taryhda futbolçylary 1-den 99-a çenli ähli belgileri, iň bolmanda, bir gezek geýen ilkinji topar boldy diýip, «Footy Headlines» habar berýär.

Italýan futbolynda belgiler babatynda berk düzgünler ýok. Ispaniýanyň La Ligasynda, mysal üçin, düzgün başgaça – bu ýerde esasy toparyň futbolçylary 25-den ýokary belgileri saýlap bilmeýär.

«Roma» bolsa öz döwründe Romelu Lukakunyň 90-njy belgili, Stefan El-Şaarawiniň bolsa 92-nji belgili köýnekçede çykyş etmegi bilen tapawutlanypdy.

Bellenilişi ýaly, «Roma» resmi taýdan hiç bir belgini dolanyşykdan çykarmady, ýöne ady belli Françesko Tottiniň «onlugy» 2017-nji ýylda futbolçy karýerasyny tamamlany bäri hiç kime rowa görülmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.