Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) hem-de Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol federasiýalaryny birleşdirýän KONKAKAF milli ýygyndylar üçin bir umumy ýaryşy döretmegiň üstünde işläp başlady.
«The Guardian» neşiriniň habar bermegine görä, ýaryş eýýäm bar bolan Milletler ligalarynyň binýadynda peýda bolup, oňa 96 topar gatnaşyp biler.
Täze ýaryşyň başlanmagy 2028-nji ýyla (Ýewropa çempionatyndan soň) meýilleşdirilýär, ony ýylaşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Guramaçylar adaty çemeleşmäni ulanmak kararyna geldi: diwizionlara bölmek, soň toparçalaýyn tapgyrlar, pleý-off we «Dörtlügiň finaly».
Ähli oýunlar eýýäm bar bolan halkara arakesmelere doly gabat geler (güýzde — toparlaýyn duşuşyklar, martda — pleý-off, iýunda — final). Tertipnamanyň göwrümi ulalmaýar, uçuşlary hem geografiýa zolaklary boýunça amatlaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Taraplar ýaryşyň diňe bir Ýewropanyň däl, eýsem, Demirgazyk Amerikanyň hem jemgyýetiniň, aýratyn-da, A diwizionyna bolan gyzyklanmasyny artdyrjakdygyna ynanýar. Ol ýerde yklymyň iň güýçli ýygyndylary — ABŞ, Meksika we Kanada resmi derejede Ispaniýa, Fransiýa, Angliýa we Germaniýa ýaly Ýewropa ägirtlerine garşy oýnap biler.
Taslama Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) hem gyzyklanma bildirýär, ýöne Aziýa ýygyndylarynyň gatnaşmagy entek uzak geljegiň işi bolup galýar.
Girdejileriň uly bölegi gatnaşyjylaryň arasynda paýlanar. Bu, aýratyn-da, Ýewropanyň iň uly ýygyndylary bilen köp oýun geçirjek KONKAKAF ýygyndylary üçin has bähbitli bolar.
Ýaryşyň geljegi köp babatda UEFA, KONKAKAF we AFK ýolbaşçylarynyň FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen çekeleşmesiniň netijelerine baglydyr. Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysynyň nobatdaky saýlawlary 2027-nji ýylyň martynda geçiriler. Eger Infantino ýeňilse, täze ýaryşa bolan zerurlyk aradan aýrylyp biler.