Gawi gurby pes adamlaryň öý edinip bilmegi üçin €1,3 mln harç eder

Düýn, 23:421,097
1 / 2

«Barselona» futbol klubunyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Gawi (Pablo Paes Gawira) özbaşyna öýi bolmadyk ýa-da gurby pes adamlara niýetlenip guruljak 150 öý üçin 1,3 mln ýewro töweregi serişde berer.

Taslama futbolçynyň dogduk mekany Sewilýa prowinsiýasynyň Los-Palasios-i-Wilýafranka şäherinde durmuşa geçiriler.

Ispan metbugatynyň habar bermegine görä, gürrüň jemi 300 töweregi adama niýetlenen, iki orunlyk öýler barada barýar. Bu öýler ýaşaýyş jaýyny satyn ýa-da kireýine almakda kynçylyk çekýän adamlara niýetlenendir.

La Razón gazeti toplumyň gurluşygyna zerur hajatlaryň hemmesiniň futbolçy tarapyndan çekilýändigini habar berýär. Bu taslama adaty maýa goýum ýa emläk edinmek ýaly telekeçilik maksatly däl-de, hakyky jemgyýetçilik haýryna amal edilýän işdir.

Gawi futbol karýerasyny gurmak üçin Los-Palasios-i-Wilýafrankadan heniz ýetginjek wagty göçüp gaýdypdy. Muňa garamazdan, ol özüniň eý görýän dogduk şäherinden hiç wagt örküni üzmeýär.

Gurluşygyň alnyp barylmaly möhleti, taslamanyň indiki tapgyrlary we jaý almagyň şertleri barada doly maglumat ýok. Ispan köpçülikleýin habar serişdeleri taslamanyň esasy ugurlary hökmünde diňe 1,3 mln ýewro pul serişdesini hem-de 300 töweregi adama niýetlenen 150 öýüň gurluşygyny görkezýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.